Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda ahalteke atlarynyň arasynda Ýewropada şeýle görnüşde ilkinji gezek guralýan halkara çäreler behişdi bedewleriň Watany Türkmenistan bilen Ýewropany birleşdirýän özboluşly köpri bolar. Onuň guramaçysy bolup «Türkmen atlary» döwlet birleşigi bilen Ýewropanyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasy çykyş edýär. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.
Kronenberg çärelerine 30-a golaý ýurtdan ýüzlerçe wekiliň gatnaşmagyna garaşylýar. Şolaryň 100-den gowragy «Ahalteke bedewi: türkmeniň dünýewi seýisçilik sungaty» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşar. Forum esasy mejlisden hem-de 5 sany bölümçeden ybarat bolup, onda ýurdumyzda atçylyk sungatyny ösdürmekde ýetilen sepgitler, ahalteke atlarynyň taryhy, ösüş ýoly, ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginiň ähmiýeti, atçylyk pudagynyň ylmy taýdan öwrenilişi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Çykyş etjekleriň arasynda Italiýadan, Niderlandlar Patyşalygyndan, Beýik Britaniýadan, Fransiýadan, ABŞ-dan meşhur hünärmenlerdir atşynaslaryň bolmagy bizi örän begendirýär. Çünki ahalteke bedewleriniň taryhy kökleriniň daşary ýurtlular üçin örän gyzykly bolşy ýaly, olaryň bu ugurda toplan tejribeleri-de türkmen tarapy üçin uly ähmiýete eýe.
Kronenberg çäreleri atçylygyň, sportuň, ylmyň hem medeniýetiň bir sapaga düzülip, ahalteke bedewlerine, türkmen atçylyk sungatyna ýewropalylaryň gyzyklanmasyny artdyrmaga ýardam etjek ajaýyp pursatdyr. Onuň çäklerinde guralýan çärelerde medeniýet toplumynyň hem uly paýy bar. Meşhur «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynyň medeni çäreleri geçirmäge niýetlenen meýdançasynda halkymyzyň milli medeniýeti öz köpöwüşginliligi bilen dabaralanýar. Bu ýerde ýedi sany ak öý dikilip, türkmeniň ak öýi bezemek dessurlary, milli lybaslarydyr bagşyçylyk sungaty, gelin-gyzlaryň üme etmek däbi açylyp görkeziler. Galyberse-de, myhmanlar Ýewropa ýurtlarynyň däplerini, atçylyk pudagynyň özboluşlylygyny beýan edýän ýörite öýjagazlara baryp görerler. Resmi kabul edişligiň çäginde guraljak medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti bolsa oňa gatnaşyjylara ýakymly duýgulary bagyşlap, türkmen dünýäsi sungatyň dilinde «saýrar». Onda ýurdumyzyň belli bagşylarydyr estrada ýyldyzlary bilen bilelikde türkiýeli, italiýaly, germaniýaly aýdymçylaryň hem çykyş etmeklerine garaşylýar.
