Komboja döwletiniň Pnompen şäherinde geçirilen “Aziýa Kubogy – 2027” halkara ýaryşynyň saýlama tapgyrynyň “G” toparçasynyň çäginde Ýaponiýanyň U20 hem-de Kuweýtiň U20 ýygyndylarynyň arasynda 31-nji awgustda bolup geçen duşuşykda Türkmenistanly eminler üstünlikli çykyş etdiler.
Bu halkara derejeli duşuşykda Türkmen futbol eminleri Resul Mämmedow baş emin wezipesini ýerine ýetiren bolsa, Ahmet Begnazarow kömekçi emin hökmünde eminlik etdi.
Ýokary derejede geçirilen bu duşuşyk Türkmen eminleriniň halkara meýdançalaryndaky abraýynyň we hünär ussatlygynyň barha artýandygyny ýene bir gezek subut etdi.
