JEMGYÝET

Ferrari toparynyñ öñki ýolbaşçysy tiz kömek gullugynda sürüji bolup işleýär

Formula 1 ýaryşyñ Ferrari toparynyñ öñki ýolbaşçysy Maurissio Arriwabene dünýäde dörän käbir meselelere garşy göreşýär. Arriwabene tiz kömegiñ sürüjisi bolup işläp başlapdyr. Bu barada Maurissio hiç kime bildirmändir, haçan-da bu mesele ýüze çykanda tiz kömegiñ sürüjisi bolmak ýüregine düwüpdir we tiz kömek ulagynda keselli adamlary hassahana gatnadyp başlapdyr.

Maurissio Arriwabene 2012-nji ýyldan bäri Turin şäheriniñ “Ýuwentus” toparynyñ direktorlar geñeşiniñ we “Luiji Bokini” uniwersitetiniñ sport akademiýasynyñ agzasydyr. Formula 1 ýaryşynyñ Ferrari toparynda 2014-2019 ýyllar aralygy ýolbaşçylyk edipdir.

Şeýle hem Pirelli toparynyñ ýolbaşçysy Mario Izola hem tiz kömek gullugynda işläp başlapdyr.

Related posts

Emre Jan “Borussiýa” toparynda galýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen Lider, Köpetdağın güzelliklerini inceledi

vepa

Türkmen-türk gatnaşyklary: söwda dolanyşygy 1.532 milliard dollara ýetdi