BILIM

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde «Açyk gapylar» güni geçiriler

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi şu ýylyň 29-njy aprelinde we 15-nji maýynda sagat 14:00-da 2020-2021-nji okuw ýylynda okuwa girmek isleýän ýaşlar üçin «Açyk gapylar» gününi geçirýär. «Açyk gapylar» gününde ýaşlar hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamynda kämilleşdirmek barada alyp barýan özgertmelerine Mugallymçylyk mekdebinde taýýarlyk ugurlar, olara degişli hünärler, okuw-usuly, terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, talyplaryň sport bilen meşgullanmaklary üçin döredilen şertler barada giňişleýin maglumatlar alyp bilerler.

Mekdebiň salgysy: Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň 124-nji jaýy. Telefon belgiler: 90-62-04, 90-63-96.

Related posts

Dalaşgär-2026: Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty

Türkmenistanda biologiýa boýunça II halkara internet olimpiadasy geçiriler

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine kabul edilşik