BILIM

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Açyk gapylar» güni geçiriler

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bu ýokary okuw mekdebine girmek isleýän ýaşlary 2020-nji ýylyň 1-nji maýynda uniwersitetiň baş binasynda ýerleşýän mejlisler zalynda sagat 15:00-da geçiriljek «Açyk gapylar» günine çagyrýar. Ol gün ýaşlar ýokary okuw mekdebi bilen ýakyndan tanyşdyrylar, olara uniwersitete girmek üçin gerekli resminamalar, okuw mekdebinde taýýarlanylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, ylmy, bejeriş hem-de medeni-köpçülik işleri barada giňişleýin maglumat berler.

Uniwersitetiň salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 18-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 48-98-51, 48-98-52.

Related posts

Dünýäde iň köp kitap okaýan ýurtlar

Türkmenistanda aspirantura, doktorantura, ordinatura kabul ediljekleriň sany tassyklandy

“Prep4success” maksatnamasy: güýzki okuwlaryna resminamalary kabul edýär