TEHNOLOGIÝA

Ekologiýa taýdan arassa ilkinji uçarlar

1970-nji ýylda esaslandyrylan fransuz awiasiýa kompaniýasy “Airbus” 2035-nji ýyla çenli işe başlamagy meýilleşdirilýän dünýäniň ilkinji ekologiýa taýdan arassa uçary üçin üç taslama öňe sürdi. Çünki uçarlar dünýäde howany hapalamakda öňdeligi eýeleýär. Şu meseläni çözmek we ekologiýany arassa saklamak maksady bilen kompaniýa ekologiýa zyýansyz 3 sany uçaryň taslamasyny hödürledi. Geliň bu taslamalar bilen gysgaça tanyş bolalyň.

Birinji taslama:

Iki sany “Turboprop” hereketlendirijisi bilen işlejek bu uçar 100 ýolagçyny we 1000 mil aralygy geçmegi başarar. Adatça gysga aralyga uçuşlar üçin dörediljek bu uçar wodorod ýangyjy bilen üpjün edilýär.

Ikinji taslama:

200 ýolagçyny kabul edip bilýän “Wing Body” taslamasy 2 müň mil aralygy hödürlär. Ganatlary uçaryň korpusy bilen birleşdirilen dizaýna eýe boljak bu uçar hem goşa hereketlendiriji bilen işlär.

Üçinji taslama:

“Turbofan” diýlip atlandyrylan bu taslama 200-e çenli ýolagçyny gatnadyp, 2 müň mil geçip biler. Suwuk wodorod bilen işlejek bu uçar hem jübüt goşa dwigatel hereketlendirijisi bilen işlär.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

 

 

Related posts

Kriptowalýuta biržasy “Huobi” bir ulanyjysyny kosmosa iberer

Dünýäde iň köp girdeji gazanan “YouTube” ýyldyzlary neşir edildi

Ata Watan Eserleri

«Huawei Honor 30» akylly telefony 15-nji aprelde satuwa çykarylar

Ata Watan Eserleri