JEMGYÝET

Ekologiýa çäresi: jemgyýetçilik awtoulaglaryndan başga ulaglaryň hereketi çäklendiriler

Aşgabat şäheriniň häkimligi we jemgyýetçilik guramalary Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan ekologiýa çäresini guramak baradaky başlangyç bilen çykyş etdiler. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Şoňa görä, onuň çäklerinde şu ýylyň 4-nji aprelinden 11-nji apreli aralygynda sagat 08.00-dan 18.00-a çenli paýtagtymyzyň köçelerinde şäheriçi awtobuslardan we ýeňil taksi ulaglaryndan, şeýle hem ilata hyzmat edýän beýleki jemgyýetçilik awtoulaglaryndan başga ulaglaryň hereketi çäklendiriler.

Ekologiýa abadançylygy baradaky alada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup, her bir türkmenistanlynyň saglygyny we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek şol syýasatyň baş maksadydy.

Welosipedli ýörişe isleg bildirýänleriň hemmesi sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdarlary işjeň gatnaşýarlar. Şonuň bilen birlikde ekologiýa ugry bu çäräniň möhüm düzüm bölegidir.

 

Hindi Lideriniň maşgalasy Aşgabadyň gözel ýerleri bilen tanyşdy

Related posts

Türkmenistanyň wekiliýeti «AADHG + MA» Strategik dialogyň Ikinji Ministrler duşuşygyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Manama duşuşygynyň jemleri: howa gatnawy hakynda ylalaşyga gol çekildi

17-nji Ýewropa futbol çempionaty başlaýar