SPORT

Durant NBA taryhyndaky iň köp hak alýan basketbolçy bolar

ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň düzüminde dört gezek Olimpiýa çempiony bolan Kewin Durant Milli basketbol assosiasiýasynyň (NBA) “Hýuston” kluby bilen täze şertnama baglaşdy. Bu barada “ESPN” telekanaly habar berdi.

Täze şertnama iki ýyllyk bolup, umumy bahasy 90 million dollara deňdir. Şertnama 2027/28-nji möwsümini öz içine alýan bir ýyllyk uzaltma mümkinçilik hem berýär.

Şeýlelikde, Durant NBA taryhynda karýerasy boýunça iň köp girdeji gazanan oýunçy bolup galdy — onuň umumy gazanjy 598,2 million dollara deň boldy. Bu möçber öňki şertnamalardan hem-de täze ylalaşykdan ybaratdyr. Durant bu görkeziji boýunça “Los-Anjeles Leýkers” toparynyň dört gezek NBA çempiony bolan Lebron Jeýmsden (583,9 million dollar) geçdi.

37 ýaşyndaky Durant “Hýuston” toparyna iýul aýynda “Finiks” toparyndan geçdi. Ol basketbol taryhynda dört gezek Olimpiýa çempiony bolan ýeke-täk oýunçydyr.

Şeýle hem Durant iki gezek NBA finalynyň iň gymmatly oýunçysy diýlip yglan edilipdi we 15 gezek NBA ýyldyzlar oýnuna gatnaşypdy. Durant “Oklahoma”, “Golden State” (onda iki gezek NBA çempiony boldy) hem-de “Bruklin” toparlarynda hem oýnady.

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi