BIZNES

Dünýäniň ykdysady ösüşi has pese gaçar

Halkara Pul Gaznasy (HPG) şu ýylyň aprel aýynda dünýäniň jemi içerki önüminiň ösüş depgininiň 3 göterim pese gaçjakdygyny mälim edipdi. Bu maliýe guramasy täze hasabatynda ykdysady ösüşiň 4,9 göterim pese gaçjakdygy habar berdi.

– Aprel aýyndaky çaklamalarymyz bilen deňeşdirilende, ykdysady ösüşiň has pese gaçjakdygyny tama edýäris. 2021-nji ýyldan dünýä ykdysadyýeti kem-kemden dikelip ugrar – diýip, guramanyň baş ykdysadyýetçisi Gita Gopinat mälim etdi.

Halkara Pul Gaznasynyň resmi saýtynda “Dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň geljegi” atly degişli hasabat çap edildi. Şonda şeýle diýilýär: “COVID-19 pandemiýasy 2020-nji ýylyň birinji ýarymynda ykdysady işjeňlige garaşylýandan has ýaramaz täsirini ýetirdi. Dünýä ykdysadyýetiniň täzeden dikelmegi çak edilişinden has ýuwaş bolmagyna garaşylýar. 1990-njy ýyllardan bäri dünýäde aşa garyplygy azaltmakda gazanylan möhüm ösüşe howp salýar”.

HPG-niň çaklamasyna görä, 2021-nji ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüş depgininiň 5,4 göterim bolmagyna garaşylýar. Ýewro sebitiniň ykdysadyýetiniň şu ýyl 10,2 göterim azalmagyna garaşylsa-da, 2021-nji ýylda 6 göterim ösjekdigi çaklanylýar.

Ösüp barýan we ösýän ýurtlaryň ykdysady geljegi barada aýdylanda bolsa, şu ýyl bu ýerde 1% däl-de, 3%, ösen ýurtlar üçin bolsa 6,1% ýerine 8% pese gaçmagy meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi