BIZNES

Dünýäniň iň täsirli zenanlary

“Forbes” işewürlik neşiri dünýäniň iň abraýly we täsirli zenanlarynyň sanawyny taýýarlady. Soňky 10 ýyllykda bu sanawda öňdäki orny Germaniýanyň ozalky kansleri Angela Merkel eýeläp gelýärdi. Bu gezek sanawyň öňdebaryjysy üýtgedi. Ol ýazyjysy Makkenzi Skot boldy.

Makkenzi Skot “Amazon” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezosyň ozalky aýaly. Neşiriň žurnalistleri Makkenzi Skotuň haýyr-sahawat işleri bilen öňe saýlanandygyny mälim etdiler. Bezos bilen aýrylaşandan soňra Skot emläginiň köp bölegini kömege mätäçlere bermegi wada beripdi.

Sanawda ikinji orny ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris eýeledi. Ilkinji üçlükde Ýewropa Bileleşiginiň başlygy Kristin Lagard hem orun aldy. Şeýle hem sanawda 4-nji we 5-nji orunlary degişlilikde “General Motors” kompaniýasynyň baş direktory Meri Barr hem-de Bill Geýtsiň ozalky aýaly Melinda Geýts eýeledi.

Ilkinji onlukda Taýwanyň ýolbaşçysy Saý Inwen, amerikaly syýasatçy Nensi Pelosi, Bütindünýä bankynyň ýerine ýetiriji direktory Kristalina Georgiýewa, žurnalist Opra Uinfri we “Facebook”-yň baş amallar direktory Şeril Sandberg öz ornuny aldy.

Umuman, “Forbes” işewürlik žurnaly tarapyndan dünýäniň iň täsirli zenanlarynyň 100-siniň sanawy taýýarlandy we žurnalyň resmi sahypasynda çap edildi.

 

 

Olaf Şols – Germaniýanyň täze kansleri

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler