DÜNÝÄ

Dünýäniň iň garry ekizleri

Ýaponiýaly 107 ýaşyndaky ekiz aýal doganlar dünýäniň iň garry ekizleri diýlip ykrar edildi. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitaby habar berýär.

Rekordyň hasaba alnan gününde (2021-nji ýylyň 1-nji sentýabry) Umeno Sumiýama we Kome Kodama 107 ýyl we 300 gün ýaşady. Olar 1913-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Kagawa prefekturasynyň Sedo adasynda dünýä indi.

13 adamly maşgalanyň agzalary bolan doganlar 2 sany watançylyk uruşlaryny başdan geçirdi. Olar çagalyk döwründen bäri aýry ýaşaýarlar we birek-biregi bilen habarlaşyp durýarlar. Sumiýamanyň 4 çagasy, Kodamanyň bolsa 3 çagasy bar.

Olar bir ýumurtgadan dünýä inen ekiz zenanlardyr we şol bir wagtda bir ýumurtgadan dünýä inen iň ýaşuly ekizler bolup durýar. Olara bu babatda Ginnesiň ykrar şahadatnamalary gowşuryldy.

 

Türkiýäniň milli ýygyndysyna 46-njy tälimçi bellendi

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlaryny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistan-Ýaponiýa: suwuklandyrylan gazdan gelium gazyny öndürmek maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň ilçisi Malaýziýanyň oba hojalyk ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Russiýadaky Halkara ulag-logistika forumyna gatnaşýar

Türkmenistan Azerbaýjana minnetdarlyk bildirdi