BIZNES

Dünýäniň iň baý adamynda ýekeje hususy öý hem galmaz

«Tesla» kompaniýasyny esaslandyryjy we dünýäniň iň baý adamlarynyň biri Ilon Mask özüne degişli öýleriň ahyrkysyny hem satmak kararyna geldi. Has takygy, Mask San-Fransiskodaky öýüni satyp, mundan bir ýyl ozal beren sözünde tapyldy. Şonda ol özüne degişli gozgalmaýan emlägiň agramly bölegini satjakdygyny aýdypdy.

Bu barada milliarder «Twitterdäki» resmi hasabynda şeýle ýazdy:

«Ahyrky öýümi hem satmak kararyna geldim. Ony biraz ulurak maşgalanyň satyn almagy gerek. Bu jaý şeýle maşgala mynasyp».

Ýeri gelende aýtsak, Mask birki ýyllykda gereginden artyk mal-mülküniň bardygy sebäpli tankyt edildi. Şondan soň ol emläginiň bir bölegini satmak kararyna geldi. Şeýlelikde, ol 2020-nji ýylda Los-Anjelesdäki we San-Frasiskodaky kaşaň öýleriniň 7-sini 100 million dollara satdy. Ahyrky öýüni hem satansoň, onuň elinde özüne degişli ýekeje öý hem galmaz. Milliarder 2020-nji ýyldan bäri Tehasda özüne degişli «SpaceX» kompaniýasyndaky öýde ýaşaýar.

 

Stambuldan Türkmenbaşa uçar gatnawy amala aşyryldy

 

 

Ýene-de okaň

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler