BIZNES

Dünýäniň ilkinji trillioneri kim bolar?

Dünýäniň öňdebaryjy maýa goýum banklaryndan biri bolan “Morgan Stenli” bankynyň hasaplamalaryna görä, 241 milliard dollar baýlygy bilen dünýäniň iň baý adamy bolan Ilon Maskyň dünýäniň ilkinji trillioneri bolmagy mümkin. Hünärmenler 50 ýaşly telekeçiniň kosmos kompaniýasy “SpaceX” -iň kosmos senagatynda maýa goýumlaryna uly täsir edendigini we dünýäniň iň gymmatly kompaniýasy bolup biljekdigini belleýärler.

Mask şu wagta çenli baýlygynyň köp bölegini “Tesla” elektrik awtoulag kompaniýasyndan gazandy.  Ýöne Maskyň “SpaceX” kosmos firmasyndan has köp pul gazanyp biljekdigini çaklanylar. “SpaceX” -iň adamlary Aýa alyp gidýän “Starship” ýaly gaýtadan ulanylýan raketalary we Mars bilen baglanyşykly taslamalar maýa goýujylaryň garaýyşlaryny üýtgedip biler.

Maliýe analitigi Adam Jones, “SpaceX” kompaniýasynyň bazar bahasynyň 200 milliard dollar bolup biljekdigini belleýär. Kosmos infrastrukturasy, emeli hemra we kosmos gözlegleri ýaly ugurlar kompaniýanyň gymmatynyň has-da ýokarlandyryp biljekdigini çaklandy.

 

Dünýäde ilkinji gaýçy haçan ulanylyp başlapdyr?

Ýene-de okaň

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler