SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Dünýäniň ilkinji altyn çaýylan myhmanhanasy

Dünýädäki ilkinji altyn çaýylan myhmanhana Wýetnamyň paýtagty Hanoý şäherinde ýerleşýär. «Dolce Hanoi Golden Lake» diýip atlandyrylýan bu ajaýyp myhmanhana «Altyn köl» ady bilen hem meşhurdyr. Binanyň içi-daşy altyn bilen örtülendir. Täsin desganyň daşyna 1 tonna golaý altyn çaýyldy. 25 gata barabar bolan özboluşly myhmanhana 2020-nji ýylyň iýul aýynyň 2-sine açyldy. Myhmanhana 342 sany biri-birinden tapawutlanýan döwrebap myhman otaglary bar. Şeýle hem myhmanhananyň 12-nji gatynda ýygnaklar we konferensiýalar üçin döredilen ýörite giň zallar bar. «Dolce Hanoi Golden Lake» myhmanhanasy özboluşly dizaýn aýratynlygy bilen dünýäniň abraýly baýraklaryň birnäçesine mynasyp boldy.

 

Hoş habar -Täze Applikasiýa: Makul Sözlük

Makul Sözlük (www.makulsozluk.com ) özüniň “Android” ulgamynda hereket edýän täze applikasiýasyny-Makul Sözlük applikasiýasyny hödürleýär. Toparymyz  düýn Kompýuterlerdäki  “Chrome Browserde” ulanmaga mümkinçilik berýän täze “Browser goşundysyny”-Makul Sözlük goşundysyny  ulanmaga taýýar eden bolsa, şu gün “Android” applikasiýasyny herekete girizdi. Şeýlelikde, köp sanly “Makul Sözlük” ulanyjylary, diňe www.makulsozluk.com saýtyna girmek bilen bu sözlükden peýdalanman, eýsem, kompýuterlerinde “Makul Sözlük” goşundysyny, Android ulgamyndaky mobil telefonlarynda bolsa “Makul Sözlük” applikasiýasyny ulanyp bilerler. Ýakynda IOS ulgamynda hereket edýän Applikasiýamyz hem hereket edip başlar.

Ýene-de okaň

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar