DÜNÝÄ

Dünýäde tokaýlar täzeden dikeldiler

BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça her ýyl geçirilýän maslahatynyň ikinji gününde halkara maslahata gatnaşyjylar tokaýlary gorap saklamagy we dikeltmegi wada berdiler.

Sişenbe güni Glazgodaky “COP 26”-nyň umumy zaly ýaşyl yşyk bilen yşyklandyryldy we tebigatyň sesleri: guşlaryň, ýapraklaryň sesleri jyňňyrdady. BMG habar gullugynyň Glazgodan ýörite habarçysynyň sözlerine görä, bu ýagdaýda foruma gatnaşyjylar rahat görünýärdiler we arassa howadan dem alýan ýalydy.

Iňlis premýer-ministri Boris Jonson münbere münüp, dünýädäki tokaýlaryň 85 göterimini emele getirýän 110 ýurduň “COP-26 Jarnamasyna” gol çekendigini, 2030-njy ýyla çenli tokaýlaryň ýok edilmegini bes etjekdigini we dikeldiljekdigini mälim etdi. Jonson, Hytaýyň, Russiýanyň we Braziliýanyň hem millionlarça täze iş ýerlerini döredip biljekdigi baradaky wada goşulandygyny aýtdy.

Gol çeken döwlet we hökümet baştutanlary tokaýlary we beýleki ýerüsti ekosistemalary goramak boýunça umumy tagallalary güýçlendirmek, şeýle hem dikeldiş işlerini çaltlaşdyrmak barada çemeleşiljekdigini bellediler.

Jarnamada näme diýilýär?

Jarnama gol çeken döwlet we hökümet baştutanlary tokaýlary we beýleki ýerüsti ekosistemalary goramak boýunça umumy tagallalary güýçlendirmek, şeýle hem dikeldiş işlerini çaltlaşdyrmak barada söz berýär. Şeýlelik-de, bu jarnamada ýerli halklara, esasanam tebigy baýlyklaryň oýlanyşyksyz ulanylmagyndan we tokaý zaýalanmagyndan ejir çekýänlere güýç-kuwwat bermek zerurlygy barada aýdylýar. Resminamada foruma gatnaşyjylaryň maliýe borçnamalaryny öz içine almagy möhümdir. Soňky on ýylda, ýerleri goramak we dikeltmek, oba hojalygynyň durnukly tejribesine geçmek üçin 40 esse köp pul sarp edildi. Şeýle hem umumy kapitaly 8,7 trillion dollar bolan 30-dan gowrak maliýe guramasy tarapyndan gol çekilen bu resminama häzirki ýagdaýy üýtgetmek üçin niýetlenendir.

Russiýanyň Prezidenti maslahatda ýygnananlara öňünden wideoýüzlenme bilen ýüzlendi. Rus Lideri, ýurdunyň tokaý we ýerden peýdalanmak baradaky bilelikdäki jarnamanyň taslamasyny goldaýandygyny aýtdy. Putin: “Munuň durmuşa geçirilmegi, ähli gyzyklanýan döwletleriň tokaýlary goramak meselesinde has ýakyn hyzmatdaşlyga itergi berer diýip umyt edýäris” diýdi.

Bu çärä şahsy gatnaşan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti, öz ýurdunyň biodürlüligi gorap saklamaga, ýerli jemgyýetleri goramaga we howply keselleriň ýaýramak howpuny azaltmaga çalyşýandygyny aýtdy.

“Amazon” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezos Ýer dürlüligini dikeltmek we oba hojalygy ulgamlaryny özgertmek üçin Ýer gaznasy arkaly goşmaça 2 milliard dollar wada berdi.

 

Çempionlar Ligasynyň duşuşyklary barada gyzykly maglumatlar

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Ata Watan Eserleri

BMG kiberjenaýatçylyga garşy konwensiýasy kabul etdi

Lukaşenko we 4 dalaşgär prezidentlige dalaş eder

GDA-nyň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçiriler

Ata Watan Eserleri

Prezidenti we Premýer-ministri zenan bolan ýurt

Türkmenbaşy şäherinde Gazagystanyň konsullygynyň täze binasy açyldy

Ata Watan Eserleri