BIZNES

Dünýäde iň uzyn Internet kabeli çekilýär

«Facebook» hakykatdan hem dünýäniň iň uly sosial aragatnaşyk torlarynyň birine öwrülýär. Kompaniýa häzirki günlerde Afrikada suwuň astyndan dünýädäki iň uzyn Internet kaberlleriniň birini çekýär.
Habar berlişine görä, kompaniýa uzynlygy boýunça Ekwatordan (40,075 kilometr) sähel gysga, ýagny 37 müň kilometrlik suwasty kabeli çekmek üçin «MTN Group, Telecom Egypt», «Vodafone» we «Orange SA» ýaly Afrikanyň Internet-prowaýderleri bilen şertnama baglaşdy. Taslama dört ýylyň dowamynda amala aşyrylar, ýöne eýýäm 2024-nji ýylda Afrika yklymynyň 16 döwleti ýokary tizlikli Internet bilen üpjün ediler. Şeýlelikde, yklymdaky Internet kabelleri ozalkysyndan 3 esse uzar.

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý işewürlik forumy we sergisi 2026-njy ýylyň aprelinde Aşgabatda geçiriler

Awtomobil ulagynda ýük daşamak boýunça kanunçylyk kämilleşdirildi

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» ýatagyny özleşdirmegiň 4-nji tapgyryna badalga berler

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda 2025-nji ýylyň iň möhüm wakalary

Türkmenistanda 2026-njy ýylda geçiriljek sergiler

Amerikada zähmet çekmek wizasynda wajyp täzelik: H-1B lotereýasy ýatyrylýar