DÜNÝÄ

Dünýäde ilkinji gazet  haçan döräpdir?

Dünýäde ilkinji gazetiň haçan dörändigi barada anyk maglumat bolmasa-da, Müsürde biri tarapyndan ýazylypdyr diýip çaklanýar. 3400 ýyl mundan öň ýazylyp, Nil derýasynyň kenaryndan tapylypdyr.  Müsürliler muňa esasy zatlaryny ýazyp, birek-birege  hem paýlanandygy barada aýdylýar.

1609-njy ýylda Germaniýada“Aviso Relation oder Zeitung” atly gazet ilkinji gazet hökmünde  kabul edilip bilner. Bu gazetiň redaktory Julius Adolph von Söhnedir. 1616-njy ýylda bu gazet 4 ýyllap çykarylmaýar. 1620-nji ýylda Elias Holwein bu gazeti täzeden neşir edip başlaýar. Ýene şol wagtlarda “Aller Fürnemmen und Gedenckwürdingen Historien”  atly gazet hem çapdan çykyp başlady. Bu gazet hepdelik bolup neşir edilýärdi, emma çykýan wagty ýazylmaýardy. Gazet 1622-nji ýyla çenli dowam etdi.

Başga bir tarapdan  ilkinji habar ýygnama we ýaýratma gazeti hökmünde “ Acta Diurna” atly gazet bilinýär. Munda basylyp alnan ýerler , syýasy wakalar , uruşlar hakynda maglumat berilýän eken. XV asyrda redaksiýanyň döräp başlamagy bilen gazetler we žurnallaryň döremegine giň ýol açylypdyr. . XVI   asyrda urşuň wakalaryda bu gazetde berlip başlapdyr.

1605-nji ýylda Johan Carolusyň “fürnemmen und gedençkwürdigen Historie” atly gazet kagyzyň ýüzüne çap edilen ilkinji gazet hasap edilýär.

1622-nji ýylda Angliýa çap edilen “Nathaniel Butter” ilkinji iňlis gazeti hasaplanýar.

 

«Instagram» çagalar üçin niýetlenen goşunda arakesme berdi

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan interaktiw dialog geçirildi

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy resmi taýdan çap edildi

Türkmenistanyň we Türkiýäniň migrasiýa edaralarynyň iş duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Halkara Zähmet Guramasynyň sebitleýin direktory bilen duşuşdy

Amerikada Green Kart boýunça täzelik bar: “DV-2027” yglan edilermi?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanyň Baş konsulynyň Stambul şäheriniň häkimi bilen duşuşygy