JEMGYÝET

Dünýä Liderleri BAE-niň Milli gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Şu gün Birleşen Arap Emirlikleri baş baýramy – Milli gününi baýram edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyny (СOP-28) kabul edýän BAE-niň hökümeti milli baýramyny dünýäniň köp döwletinden gelen myhmanlara bilen belleýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti hem Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (СOP-28) gatnaşýar.

Dubaýda geçirilen BAE-niň döredilmeginiň 52 ýyllygy mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabarasynda ýurduň milli aýratynlyklary açylyp görkezildi. Bu dabara СOP-28 maslahatyna gatnaşmak üçin Dubaýa baran dünýä döwletleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

 

Related posts

Sowgatly online Krossword bäsleşigi yglan ediler

Ata Watan Eserleri

Hyýaly Hakykat

vepa

Jozef Baýden Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady