JEMGYÝET

Dünýä Liderleri ak şäherimiz Aşgabatda

Türkmenistanyň halky dünýä döwletleri bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk gününi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny giňden belleýär.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralýan Halkara foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza dünýäniň ençeme döwletlerinden ýokary derejeli wekiliýetler geldi.

Halkara parahatçylygyň merkezine öwrülen ak şäherimiz Aşgabada gelen ýokary derejeli myhmanlar:

  • Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin
  • Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan
  • Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian
  • Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew
  • Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow
  • Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew
  • Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon
  • Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçturýan
  • San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karluş Manuel Wila-Nowa
  • Yrak Respublikasynyň Prezidenti Abdul Latif Raşid
  • Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze
  • Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahbaz Şarif
  • Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadow
  • Eswatini Patyşalygynyň Premýer-ministri Rassel Dlamini
  • Mýanma Bileleşigi Respublikasynyň Premýer-ministri Nýo So

Şeýle hem halkara we sebit guramalaryň ýolbaşçylary hem Aşgabatda geçirilýän halkara foruma gatnaşýarlar. Mundan başga-da, dünýäniň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary Aşgabada geldiler.

Ýene-de okaň

Türkmen bedewi GDA halklaryny birleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Koreýanyň öňdebaryjy neşiri Türkmenistanyň daşary syýasatyndaky gazanan üstünliklerini beýan etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň täze saýlanan Beýik liderini gutlady

16-njy aprel: Döwletjan Ýagşymyradow Taýson Pedro bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Jidde gatnawlary 1-nji aprele çenli ýatyryldy

Ata Watan Eserleri