SPORT

Dünýä çempionatyna gatnaşjak 42 milli ýygyndy belli boldy

2026-njy ýylda ABŞ-nyň, Kanadanyň we Meksikanyň bilelikde gurnaýan futbol boýunça dünýä çempionatyna 48 ýurduň milli ýygyndysy gatnaşar. Şol ýygyndylaryň 42-si belli boldy.

Demirgazyk we Merkezi Amerika (KONKAKAF) boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna saýlama tapgyry tamamlandy.

Amerikadaky saýlama ýaryşynyň netijeleri boýunça Panamanyň, Kýurasao-nyň we Gaitiniň milli ýygyndylary dünýä çempionatynyň final bölegine gönüden-göni gatnaşmaga hukuk aldy, Surinam bilen Ýamaýka bolsa yklymlararara pleý-off tapgyrynda çykyş eder.

Şeýlelikde, geljekki dünýä çempionatyna gatnaşjak 48 ýygyndynyň 42-si belli boldy.

DÜNÝÄ ÇEMPIONATYNA GATNAŞJAK MILLI ÝYGYNDYLAR

Ýer eýeleri milli ýygyndylary: ABŞ, Meksika, Kanada

Ýewropa: Germaniýa, Şweýsariýa, Şotlandiýa, Fransiýa, Ispaniýa, Portugaliýa, Niderlandlar, Awstriýa, Norwegiýa, Belgiýa, Angliýa, Horwatiýa

Demirgazyk/Merkezi Amerika (KONKAKAF): Panama, Kýurasao, Gaiti

Günorta Amerika (KONMEBOL): Argentina, Braziliýa, Ekwador, Urugwaý, Kolumbiýa, Paragwaý

Aziýa: Eýran, Ýaponiýa, Günorta Koreýa, Saud Arabystany, Katar, Iordaniýa, Özbegistan

Afrika: Alžir, Tunis, Müsür, Gana, Marokko, Kabo-Werde, Kotto-d’Iwuar, Senegal, Günorta Afrika (ÝAR)

Awstraliýanyň milli ýygyndysy Aziýanyň saýlama tapgyry arkaly gatnaşmaga hukuk aldy, Täze Zelandiýa bolsa Okeaniýa boýunça saýlamadan geçdi.

Galan alty gatnaşyjy mart aýynda belli bolar — saýlama tapgyryň soňky iki basgançagynyň netijesi boýunça: Ýewropanyň pleý-off tapgyry arkaly 4 milli ýygyndy we yklymlararara pleý-off tapgyry boýunça 2 milli ýygyndy dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyna eýe bolar.

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi