DÜNÝÄ

Dünýä 2023-nji ýyly garşy aldy: pandemiýa we çäklendirmesiz ilkinji Täze ýyl feýerwerki

2023-nji ýyly ilkinji bolup, Täze Zelandiýanyň Okland şäheri garşy aldy. Täze ýyl 2 ýyl dowam eden koronawirus pandemiýasyndan soňra ilkinji gezek çäklendirmesiz dünýäde giňden bellenilip geçildi. Dünýä döwletleriň ählisinde diýen ýaly, asmana dürli öwüşginli feýerwerkler atyldy.

Şeýle seredeniňde, dünýäde ilkinji bolup, Täze ýyly Kiribati adasyndaky Kirimati adajygy belläp geçdi. Şondan soňra Samoa, Tonga, Fiji we Awstraliýa ýaly ýurtlardan Täze ýyl garşy alyndy.

Soňra dünýäniň ähli ýurdunda Aziýasyndan Ýewropasyna, Amerikasyndan Afrikasyna çenli ähli ýerlerde Täze ýyl baýramyçylygy bellendi.

Samoadan 164 kilometr daşrakda ýerleşýän Günorta Ýuwaş ummanyndaky Amerikan Samoasy iň soňunda Täze ýyly garşy aldy.

ABŞ-da hem 2 ýyldna soňra adamlar Taýms meýdanynda jemlendi. Ýerli teleýaýlymlar, internet neşirleri we portallary, şeýle hem jemgyýetçilik torlary arkaly göni ýaýlymda alnyp berlen Nýu-Ýorkdaky Täze ýyl baýramçylygy dünýäde 1 milliarddan gowrak adam tarapyndna tomaşa edildi.

Taýms meýdanynda Täze ýyl baýramçylygy pandemiýa hasaba alynmazdan, 1904-nji ýyldan bäri her ýyl giňden bellenilip gelinýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan GDA-nyň senagat syýasaty boýunça Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Li Çže Men Günorta Koreýanyň täze Prezidenti boldy

Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Monako Knýazlygynda Türkmenistanyň ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosipedli ýörişi gurnady

Türkmenistanyň wekiliýeti YHG-nyň ulag ministrleriniň 13-nji mejlisine gatnaşdy