DÜNÝÄ

Dubaýda dünýäniň iň beýik myhmanhanasy açyldy

Dubaýda “Ciel Dubai Marina” atly dünýäniň iň beýik myhmanhanasy açyldy. 16-njy noýabrda ol ilkinji myhmanlaryny kabul etdi. Bu barada emiratiň «The National» neşiri habar berýär.

“Ciel Dubai Marina” binasynyň beýikligi 377 metre deňdir. Mundan öňki rekord 356 metr beýiklikdäki “Gevora Hotel”-e degişli bolupdy, ol hem Dubaýda ýerleşýär. Syýahatçylyk taýdan meşhur merkeze öwrülen bu şäherde “Ciel Dubai Marina” we “Gevora Hotel”-den başga-da dünýäniň iň beýik 10 myhmanhanasynyň dördüsi — “JW Marriott Marquis Hotel”, “Rose Rayhaan”, “Burj Al Arab” we “Jumeirah Emirates Towers Hotel” ýerleşýär.

Ilki bada “Ciel Dubai Marina” myhmanhanasynyň 2024-nji ýylda açylmagy meýilleşdirilipdi, ýöne taslamanyň durmuşa geçirilişi birnäçe gezek yza süýşürildi. 82 gatly binanyň gurluşygy takmynan 544 million dollara deň boldy we 5 ýyl dowam etdi. Myhmanhana “The First Group Hospitality” kompaniýasy tarapyndan dolandyrylýar, ol “IHG Hotels & Resorts” toruna degişli “Vignette Collection” brendiniň astynda işleýär.

Birleşen Arap Emiratlary 150 metrden beýik binalaryň sany boýunça dünýäde ilkinji üçlüge girýär. Bu ýerde azyndan 345 şeýle bina bar, olaryň 269-y Dubaýda ýerleşýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Malaýziýanyň oba hojalyk ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Russiýadaky Halkara ulag-logistika forumyna gatnaşýar

Türkmenistan Azerbaýjana minnetdarlyk bildirdi

Türkmenistan TDG-niň hökümet baştutanlarynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň we Tunisiň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ýük daşamalaryny artdyrmagy maslahatlaşdy

Ata Watan Eserleri