JEMGYÝET

Döwletjan Ýagşymyradowyň çempionlygy dünýä metbugatynda

30-njy noýabra geçilýän gije Er-Riýadda (Saud Arabystany) PFL World Championship 2024 garyşyk başa-baş göreş boýunça ýaryşyň çäklerinde Döwletjan Ýagşymyradow amerikaly Impa Kasanganaýdan üstün çykyp, ýarym agyr agram derejesinde Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek PFL-iň çempiony boldy.

Türkmenistanyň türgeniniň bu gazanan möhüm ýeňşi dünýä metbugatynyň sahypalarynda öz mynasyp ornuny aldy.

Bu barada dünýä belli “Forbes” žurnalynyň resmi internet sahypasynda, “Meta MMA” neşirinde, “Sport + Gazagystan” neşirinde, Russiýanyň “www.championat.com” neşirinde we beýleki neşirlerde orun aldy.

Meşhur “Forbes” neşirinde Döwletjan Ýagşymyradow amerikaly Impa Kasanganaýy durduryp, ony 1-nji döwde ýeňmegi başarandygy bellenilýär. Duşuşyga amerikaly Impa Kasanganaý çalt girişip, Döwletjan Ýagşymyradowyň sussyny basmak isländigi, ýöne muňa ýol bermedik türkmen türgeniniň jogap urgulary bilen garşydaşyndan üstün çykandygy bellenilip geçilýär.

“Forbes” neşiri netijede,  birinji döwde üstün çykyp, Türkmenistan ýeňil agyr agramda PFL çempiony derejesini gazandyrandygyny belledi.

Mundan başga-da, “Meta MMA” neşirinde Döwletjan Ýagşymyradowyň birinji tapgyrda nokaut bilen ýeňiş gazandy we 2024-nji ýylyň çempiony we million dollaryň eýesi bolandygy bellenilip geçilýär.

“Sport + Gazagystan” neşiri öz sahypalarynda Döwletjan Ýagşymyradowyň ozalky çempion Impa Kasanganaýy 58 sekuntda nokauta giderip, uly üstünlik gazanandygyny belleýär.

Şeýlelikde, türkmenistanly pälwan bu ýeňşi mynasybetli 1 million dollar gazandy. Impa Kasanganaý geçen ýyl bu agram derejesinde guşaga eýe boldy we 1 million dollar alypdy. Indi bolsa, çempionlyk guşagy türkmenistanly pälwan Döwletjan Ýagşymyradowa geçdi – diýip, gazak neşirinde beýan edilýär.

Russiýanyň “www.championat.com” neşirinde hem Döwletjan Ýagşymyradowyň ozalky çempion Impa Kasanganaýy 1 minutyň dowamynda nokaut edip, baş baýragyň eýesi bolandygyny belleýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi “Tokio Marafon ̶ 2025” çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Kataryň Emirini halkara foruma çagyrdy

Täze häkimler wezipä bellendi

Ata Watan Eserleri

Gazak Lideri Aşgabatdaky halkara foruma gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

«Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň jemi jemlenildi

Şu gün Türkmenistanyň tebigy gazy Türkiýä barar