JEMGYÝET

Döwletjan Ýagşymyradow – çempion

29-njy noýabrdan 30-njy noýabra geçilen gije Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde “PFL 2024” garyşyk söweş sungaty ýaryşynyň final tutluşyklary geçirildi. Şol ýaryşlaryň birinde Döwletjan Ýagşymyradow bilen Impa Kasanganaý duşuşygy boldy. Tutluşyk ýarym agyr agramda geçirildi we ildeşimiz Döwletjan Ýagşymyradow ýeňiş gazandy hem-de çempionlyk guşagyna eýe boldy.

Şeýlelikde, Döwletjan Ýagşymyradow ýarym agyr agramda “PFL 2024” ýaryşlarynyň çempiony hem-de 1 million dollarlyk pul baýragynyň eýesi boldy.

Döwletjan Ýagşymyradow – “ACA” ýaryşlarynyň ozalky çempiony. Ol bu ugurdaky çempionlyk derejesini ýitirmän, özüni ummanyň aňyrsynda synap görýär. Ol ilki bilen “Bellator” ýaryşlarynda çykyş etdi. Soňra “PFL” ýaryşlaryna goşulyp, bu ýerde finala çenli gelmegi başardy.

Ol bu ýaryşlarda güýçli garşydaşlary Kori Anderson, Rafael Karwalýom Julius Anglikas we Rob Uilkonson bilen bäsleşdi.

Döwletjan “PFL” ýaryşlarynda geçiren 3 tutluşygynda ýeňiş gazandy. Ol ilki bilen şu ýylyň aprelinde Jeýkob Nedohdan üstün geldi, soňra bolsa, 21-nji iýunda Simon Biýongy hem-de 16-njy sentýabrda Rob Uilkonsony ýeňmegi başardy.

Görkeziji Ýagşymyradow Kasanganaý
Raýatlygy Türkmenistan ABŞ
Ýaşy 35 30
Boýy 180 183
Rekord 25-7-1 18-4-0
Nokaut bilen gazanan ýeňişleri 13 5
Gyssagly ýeňişleri 4 4
Ozalky tutluşygy 16.08.2024 16.08.2024
Ýeňişli tutluşyklary 6 3

Ýene-de okaň

Sefa Gömdeniz: Türkmenistan-Türkiýe strategiki hyzmatdaşlyk täze derejä çykýar

Türkmenistan Azerbaýjanda geçiriljek WUF13 forumyna işjeň gatnaşmagy meýilleşdirýär

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaýa dostluk sapary başlandy

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar