PEÝDALY MASLAHAT

Döwlet notaruislary hyzmatlaryň täze töleg möçberi tassyklanyldy

Türkmenistanyň Adalat ministriniň   «Döwlet notariuslary, Geňeşleriň ygtyýarly wezipeli adamlary tarapyndan notarial hereketleri bilen bagly hukuk maslahatlarynyň berlendigi, resminamalardan göçürmeleriň taýýarlanandygy, beýleki hukuk we tehniki hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegleriň möçberini we olary almagyň tertibini tassyklamak hakynda» 2025-nji ýylyň 28-nji awgustynda çykaran 34-iş belgili  Buýrugy bilen  Döwlet notariuslary tarapyndan notarial hereketleri bilen bagly hukuk maslahatlarynyň berlendigi, resminamalardan göçürmeleriň taýýarlanandygy, beýleki hukuk we tehniki hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegleriň möçberi tassyklandy. Şeýle hem bu Buýruk bilen  Geňeşleriň ygtyýarly wezipeli adamlary tarapyndan notarial hereketleri bilen bagly hukuk maslahatlarynyň berlendigi, resminamalardan göçürmeleriň taýýarlanandygy, beýleki hukuk we tehniki hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegleriň möçberi we Döwlet notariuslary tarapyndan notarial hereketleri bilen bagly hukuk maslahatlarynyň berlendigi, resminamalardan göçürmeleriň taýýarlanandygy, beýleki hukuk we tehniki hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegleri almagyň tertibi tassyklandy. Täze Buýruk bilen şol bir wagtda  Geňeşleriň ygtyýarly wezipeli adamlary tarapyndan notarial hereketleri bilen bagly hukuk maslahatlarynyň berlendigi, resminamalardan göçürmeleriň taýýarlanandygy, beýleki hukuk we tehniki hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegleri almagyň tertibi hem tassyklandy.

 

Türkmenistanyň Adalat ministriniň  2025-nji ýylyň 28-nji awgustynda  çykaran 34-iş belgili buýrugy bilen

tassyklandy

 

Döwlet notariuslary tarapyndan notarial hereketleri bilen bagly hukuk maslahatlarynyň berlendigi, resminamalardan göçürmeleriň taýýarlanandygy, beýleki hukuk we tehniki hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegleriň möçberi

 

T/b Hyzmatlaryň görnüşleri Tölegiň möçberi, binýatlyk mukdaryndan* 
1. Notarial hereketleri bilen bagly hukuk we tehniki hyzmatlaryň edilendigi üçin:
1) paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamalarynyň; zamunlyk şertnamalarynyň; aliment tölemek hakynda şertnamalaryň; ýaşaýyş jaýy hususylaşdyrmak bilen bagly baglaşylan  şertnamalaryň tassyklanmagy bilen bagly; 20%

 

2) gozgalmaýan emlägi aýrybaşgalamak hakynda şertnamalaryň tassyklanmagy bilen bagly; 30%

 

3) gozgalýan emlägi aýrybaşgalamak hakynda şertnamalaryň tassyklanmagy bilen bagly; 20%

 

4) beýleki şertnamalaryň, ylalaşyklaryň, wesýetnamalaryň, ynanç hatlaryň tassyklanmagy bilen bagly; 30%

 

5) Türkmenistanyň Raýat kodeksine laýyklykda kanun boýunça mirasdarlar diýlip ykrar edilýän adamlara mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnamalaryň berilmegi bilen bagly; 40%

 

6) mirasy goramaga zerur çäreleriň görülmegi bilen bagly; 40%
7) är-aýalyň bilelikdäki umumy eýeçiligindäki paýa bolan hukuk hakynda şahadatnamalaryň berilmegi bilen bagly; 40%

 

8) umumy eýeçilikdäki paýa bolan hukuk hakynda şahadatnamalaryň, hususy (ýekebara) kärhana ýatyrylanda gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugy hakynda şahadatnamalaryň berilmegi bilen bagly; 40%

 

9) resminamalaryň bir dilden beýleki dile terjimesiniň dogrulygyna şaýatlyk edilmegi bilen bagly (her bir sahypasy üçin); 10%

 

10) ýerine ýetiriş ýazgylaryň amala aşyrylmagy bilen bagly; 40%
11) resminamalaryň nusgalarynyň we olardan göçürmeleriň (nusganyň her bir sahypasy üçin) dogrulygyna şaýatlyk edilmegi bilen bagly; resminamalardaky gollaryň hakykylygynyň, şol sanda terjimeçiniň golunyň hakykylygynyň (resminamanyň her bir sahypasy üçin) şaýatlyk edilmegi bilen bagly; 4%

 

12) fiziki we ýuridik şahslaryň arzalaryny beýleki fiziki hem-de ýuridik şahslara berilmegi bilen bagly; resminamalary saklamak üçin kabul edilmegi bilen bagly; faktlaryň tassyklanmagy bilen bagly; 20%
13) notarial resminamanyň öwezliginiň berilmegi bilen bagly; 20%
14) banklarda hasaplar açylan mahaly gollaryň hakykylygyna şaýatlyk edilmegi bilen bagly, her bir ýazmaç üçin; 10%

 

15) girew şertnamasynyň tassyklanmagy bilen bagly, şol sanda   goşmaçalaryň we üýtgetmeleriň girizilendigi barada şertnamalaryň tassyklanmagy bilen bagly (döwlet kärhanalary, şol sanda döwletiň gatnaşýan paýy 70 we ondan köp göterim bolan bilelikdäki kärhanalar muňa girmeýär); 20%

 

16) gozgalmaýan ýa-da döwlet belligine alynmaga degişli gaýry emlägiň aýrybaşgalanmagyna gadaganlyk girizilmegi bilen bagly; 10%

 

17) şu sanawda görkezilmedik beýleki notarial hereketleriň amala aşyrylmagy bilen bagly; 20%

 

18) notarial hereketi amala aşyrmak üçin gerek bolan soragnamalaryň, hatlaryň iberilendigi üçin; 10%

 

19) döwlet notarial edarasynyň arhiwinde saklanýan notarial resminamalar barada delilnama berlendigi üçin. 20%

 

2. Notarial hereketleri bilen bagly hukuk maslahatlarynyň berlendigi üçin. 20%

 

3. Notarial hereketleri bilen bagly resminamalardan göçürmeleriň taýýarlanandygy üçin; döwlet notarial edarasynyň arhiwinde saklanýan notarial resminamalardan göçürmeleriň (nusgalarynyň) berlendigi üçin. 20%

 

Bellik:

1.*Durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary hasaplamak üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilýän binýatlyk mukdaryna göterim görnüşinde kesgitlenilýär.

2. Şu aşakdakylar tölegi tölemekden boşadylýar:

1) Beýik Watançylyk urşunyň we beýleki döwletleriň çägindäki söweş hereketleriniň weteranlary, Beýik Watançylyk urşunyň we beýleki döwletleriň çägindäki söweş hereketlerinde wepat bolan (aradan çykan) weteranlaryň dul galan ýanýoldaşlary, radiasiýa betbagtçylygynyň netijesinde ejir çeken adamlar, ata-enesiniň howandarlygyndan galan kämillik ýaşyna ýetmedik çagalar we ähli topardaky maýyplygy bolan adamlar;

2) Türkmenistanyň döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän kärhanalar we edaralar;

3) önümçiliginde bolan işler boýunça kazyýet, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralary, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda degişli dessin-agtaryş, anyklaýyş we deslapky derňew işleri alnyp barlanda;

4) Türkmenistanyň salgyt edaralary tarapyndan salgyt barlaglary geçirilende;

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda.

 

Türkmenistanyň Adalat ministriniň

2025-nji ýylyň 28-nji awgustynda

çykaran 34-iş belgili buýrugy bilen

tassyklandy

 

Geňeşleriň ygtyýarly wezipeli adamlary tarapyndan notarial hereketleri bilen bagly hukuk maslahatlarynyň berlendigi, resminamalardan göçürmeleriň taýýarlanandygy, beýleki hukuk we tehniki hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegleriň möçberi

 

T/b Hyzmatlaryň görnüşleri Tölegiň möçberi, binýatlyk mukdaryndan* 
1. Notarial hereketleri bilen bagly hukuk we tehniki hyzmatlaryň edilendigi üçin:
1) wesýetnamalaryň tassyklanmagy bilen bagly; 30%
2) mirasy goramaga zerur çäreleriň görülmegi bilen bagly; 40%
3) resminamalaryň nusgalarynyň we olardan göçürmeleriň (nusganyň her bir sahypasy üçin) dogrulygyna şaýatlyk edilmegi bilen bagly; resminamalardaky gollaryň hakykylygynyň şaýatlyk edilmegi bilen bagly. 4%

 

Bellik:

1.*Durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary hasaplamak üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilýän binýatlyk mukdaryna göterim görnüşinde kesgitlenilýär.

2. Şu aşakdakylar tölegi tölemekden boşadylýar:

1) Beýik Watançylyk urşunyň we beýleki döwletleriň çägindäki söweş hereketleriniň weteranlary, Beýik Watançylyk urşunyň we beýleki döwletleriň çägindäki söweş hereketlerinde wepat bolan (aradan çykan) weteranlaryň dul galan ýanýoldaşlary, radiasiýa betbagtçylygynyň netijesinde ejir çeken adamlar, ata-enesiniň howandarlygyndan galan kämillik ýaşyna ýetmedik çagalar we ähli topardaky maýyplygy bolan adamlar;

2) Türkmenistanyň döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän kärhanalar we edaralar;

3) önümçiliginde bolan işler boýunça kazyýet, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralary, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda degişli dessin-agtaryş, anyklaýyş we deslapky derňew işleri alnyp barlanda;

4) Türkmenistanyň salgyt edaralary tarapyndan salgyt barlaglary geçirilende;

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda.

 

Türkmenistanyň Adalat ministriniň

2025-nji ýylyň 28-nji awgustynda

çykaran 34-iş belgili buýrugy bilen

tassyklandy

 

Döwlet notariuslary tarapyndan notarial hereketleri bilen bagly hukuk maslahatlarynyň berlendigi, resminamalardan göçürmeleriň taýýarlanandygy, beýleki hukuk we tehniki hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegleri almagyň

 tertibi

 

1. Şu Türkmenistanyň döwlet notarial edaralarynyň döwlet notariuslary (mundan beýläk – döwlet notariuslary) tarapyndan notarial hereketleri bilen bagly hukuk maslahatlarynyň berlendigi, resminamalardan göçürmeleriň taýýarlanandygy, beýleki hukuk we tehniki hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegleri almagyň tertibi (mundan beýläk – Tertip) «Notariat we notarial işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen işlenilip taýýarlanyldy we notarial hereketleri bilen bagly hukuk maslahatlarynyň berilmegi, resminamalardan göçürmeleriň taýýarlanmagy, beýleki hukuk we tehniki hyzmatlaryň edilmegi üçin döwlet notariuslaryna ýüz tutýan fiziki we ýuridik şahslardan tölegleri almagyň tertibini kesgitleýär.

2. Döwlet notariuslary tarapyndan notarial hereketleri bilen bagly hukuk maslahatlarynyň berlendigi, resminamalardan göçürmeleriň taýýarlanandygy, beýleki hukuk we tehniki hyzmatlaryň (mundan beýläk – hyzmatlar) edilendigi üçin tölegler alynýar, tölegleriň möçberi durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary hasaplamak üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenýän binýatlyk mukdardan ugur alnyp, göterim möçberinde kesgitlenýär.

3. Şu Tertibe we hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegleriň möçberine laýyklykda döwlet notariuslary tarapyndan alynýan tölegler Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň welaýat adalat bölümleriniň, Arkadag şäheriniň adalat müdirliginiň we Aşgabat şäher döwlet notarial edarasynyň (mundan beýläk – ýerli edaralar) býujetden daşary hasaplaşyk hasabyna geçirilýär we döwlet notarial edaralaryň zerurlyklaryna gönükdirilýär.

4. Hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegleriň möçberine laýyklykda fiziki we ýuridik şahslar (mundan beýläk – arza beriji) tarapyndan döwlet notarial edaralaryna degişli ýüz tutma berlen pursadynda töleg edilýär.

5. Arza beriji şu Tertip bilen düzgünleşdirilýän gatnaşyklara, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, öz wekilleriniň üsti bilen gatnaşyp biler.

6. Hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegler şu görnüşlerde amala aşyrylyp bilner:

1) Türkmenistanyň ygtyýarly bank edaralarynyň üsti bilen döwlet notarial edarasynyň bank hasaplaryna tölemek arkaly;

2) Türkmenistanyň ygtyýarly bank edaralarynyň göçme kassasyna tölemek arkaly;

3) arza beriji tarapyndan bank kartyny ulanmak bilen töleg terminalynyň üsti bilen.

7. Hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegler alnanda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen talaplar we ýöredilmeli resminamalar berjaý edilmäge degişlidir.

8. Etrap, şäher döwlet notarial edaralary her aýyň birinden gijä galman gelip gowşan tölegler baradaky hasabaty degişlilikde ýerli edaralara iberýärler. Ýerli edaralar degişli hasabatlary jemläp, Türkmenistanyň Adalat ministrligine iberýärler.

9. Geçirilen töleg hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegleriň möçberinde görkezilenden köp tölenilen ýagdaýynda, tölegiň artyk tölenilen möçberi arza berijiniň ýazmaça arzasy esasynda ýa-da kazyýetiň çözgüdi esasynda yzyna gaýtarylýar.

10. Tölegi yzyna gaýtarmak hakynda arza döwlet notarial edarasyna ýa-da onuň ýokarda durýan edarasyna berlip bilner. Arzada:

1) fiziki şahs babatda – familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan ýeriniň ýa-da köplenç bolýan ýeriniň salgysy, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy barada maglumatlar, bank rekwizitleri;

2) ýuridik şahs babatda – doly ady, ýerleşýän ýeri, bank rekwizitleri.

Tölegi yzyna gaýtarylmagy babatda arza tölegiň geçirilendigini tassyklaýan resminamanyň göçürme nusgasy goşulmalydyr.

11. Tölegi yzyna gaýtarmak hakynda arza, arza berijiniň mirasdary (hukuk oruntutary) tarapyndan berlen halatynda, arza goşmaça oňa degişli hukugyň geçendigini tassyklaýan resminama hem goşulmalydyr. Ol resminama goşulmadyk halatynda arza seredilmän galdyrylýar we 5 (bäş) iş gününiň dowamynda arza berijä ýerine ýetirmeli talaplary beýan etmek bilen habar berilýär.

12. Döwlet notarial edarasy ýa-da onuň ýokarda durýan edarasy tölegi yzyna gaýtarmak hakynda arzany we degişli resminamalary kabul eden pursadyndan başlap 10 (on) iş gününiň dowamynda artyk tölenen pul serişdelerini yzyna gaýtarmak babatda çözgüt kabul edýär.

13. Hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegleriň möçberinde bellenilen tölegleriň alynmagyny we býujetden daşary serişdeleriniň hasabyna gelip gowşan pul serişdeleriniň Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2015-nji ýylyň 14-nji maýynda 871 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, Türkmenistanyň Maliýe ministriniň 2015-nji ýylyň 1-nji maýynda çykaran 50-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanylan, Býujet edaralarynyň býujetden daşary serişdelerini emele getirmegiň, meýilnamalaşdyrmagyň, harçlamagyň, hasaba almagyň we olar boýunça hasabatlylygy alyp barmagyň Tertibine we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda ulanylmagyny ýerli edaralaryň ýolbaşçylary üpjün etmelidirler.

14. Döwlet notariuslary tarapyndan şu Tertibiň kadalarynyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan jogapkärçilige eltýär.

15. Şu Tertipde bellenilmedik halatlar ýüze çykan ýagdaýynda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna goldanylýar.

 

Türkmenistanyň Adalat ministriniň

2025-nji ýylyň 28-nji awgustynda

çykaran 34-iş belgili buýrugy bilen

tassyklandy

 

Geňeşleriň ygtyýarly wezipeli adamlary tarapyndan notarial hereketleri bilen bagly hukuk maslahatlarynyň berlendigi, resminamalardan göçürmeleriň taýýarlanandygy, beýleki hukuk we tehniki hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegleri almagyň tertibi

 

1. Şu Geňeşleriň ygtyýarly wezipeli adamlary (mundan beýläk – Geňeşler) tarapyndan notarial hereketleri bilen bagly hukuk maslahatlarynyň berlendigi, resminamalardan göçürmeleriň taýýarlanandygy, beýleki hukuk we tehniki hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegleri almagyň tertibi (mundan beýläk – Tertip) «Notariat we notarial işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen işlenilip taýýarlanyldy we notarial hereketleri bilen bagly hukuk maslahatlarynyň berilmegi, resminamalardan göçürmeleriň taýýarlanmagy, beýleki hukuk we tehniki hyzmatlaryň edilmegi üçin Geňeşlere ýüz tutýan fiziki we ýuridik şahslardan tölegleri almagyň tertibini kesgitleýär.

2. Geňeşler tarapyndan notarial hereketleri bilen bagly hukuk maslahatlarynyň berlendigi, resminamalardan göçürmeleriň taýýarlanandygy, beýleki hukuk we tehniki hyzmatlaryň (mundan beýläk – hyzmatlar) edilendigi üçin tölegler alynýar, tölegleriň möçberi durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary hasaplamak üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenýän binýatlyk mukdardan ugur alnyp, göterim möçberinde kesgitlenýär.

3. Geňeşler tarapyndan hyzmatlaryň edilendigi üçin alnan tölegler Geňeşleriň býujetden daşary hasaplaşyk hasabyna geçirilýär we olaryň zerurlyklaryna gönükdirilýär.

4. Hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegleriň möçberine laýyklykda fiziki we ýuridik şahslar (mundan beýläk – arza beriji) tarapyndan Geňeşlere notarial hereketleriniň amala aşyrylmagy üçin degişli ýüz tutma berlen pursadynda töleg edilýär.

5. Arza beriji şu Tertip bilen düzgünleşdirilýän gatnaşyklara, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, öz wekilleriniň üsti bilen gatnaşyp biler.

6. Hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegler şu görnüşlerde amala aşyrylyp bilner:

1) Türkmenistanyň ygtyýarly bank edaralarynyň üsti bilen Geňeşleriň bank hasaplaryna tölemek arkaly;

2) Türkmenistanyň ygtyýarly bank edaralarynyň göçme kassasyna tölemek arkaly;

3) arza beriji tarapyndan bank kartyny ulanmak bilen töleg terminalynyň üsti bilen;

4) Geňeşlerde ýerleşdirilýän elektron gözegçilik-kassa enjamlaryň (mundan beýläk – EGKE) ulanylmagy bilen nagt görnüşinde tölemek arkaly.

7. EGKE ulanylmagy bilen hasaplaşyklaryň geçirilmegi gündelik hasaplaşyklar boýunça jemleýji maglumatlaryň kassa kitabynda bellenilen tertipde görkezilmegi bilen amala aşyrylýar.

8. EGKE ulanylmagy bilen gelip gowuşýan nagt pul serişdeleri soňra olary edaralaryň hasaplaryna girdeji etmek üçin bellenilen tertipde Türkmenistanyň degişli bank edaralaryna hökmany tabşyrylmaga degişlidir.

Edaralaryň kassasyndaky nagt pullaryň galyndysy bellenilen çäk möçberinden geçmeli däldir.

9. Hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegler alnanda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen talaplar we ýöredilmeli resminamalar berjaý edilmäge degişlidir.

10. Geňeşler tarapyndan gelip gowşan tölegler bilen bagly her aý hasabat ýöredilýär.

11. Geçirilen töleg hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegleriň möçberinde görkezilenden köp tölenilen ýagdaýynda, tölegiň artyk tölenilen möçberi arza berijiniň ýazmaça arzasy esasynda ýa-da kazyýetiň çözgüdi esasynda yzyna gaýtarylýar.

12. Tölegi yzyna gaýtarmak hakynda arza Geňeşe berilýär. Arzada:

1) fiziki şahs babatda – familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan ýeriniň ýa-da köplenç bolýan ýeriniň salgysy, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy barada maglumatlar, bank rekwizitleri;

2) ýuridik şahs babatda – doly ady, ýerleşýän ýeri, bank rekwizitleri.

Tölegi yzyna gaýtarylmagy babatda arza tölegiň geçirilendigini tassyklaýan resminamanyň göçürme nusgasy goşulmalydyr.

13. Tölegi yzyna gaýtarmak hakynda arza, arza berijiniň mirasdary (hukuk oruntutary) tarapyndan berlen halatynda, arza goşmaça oňa degişli hukugyň geçendigini tassyklaýan resminama hem goşulmalydyr. Ol resminama goşulmadyk halatynda arza seredilmän galdyrylýar we 5 (bäş) iş gününiň dowamynda arza berijä ýerine ýetirmeli talaplary beýan etmek bilen habar berilýär.

14. Geňeş tölegi yzyna gaýtarmak hakynda arzany we degişli resminamalary kabul eden pursadyndan başlap 10 (on) iş gününiň dowamynda artyk tölenen pul serişdelerini yzyna gaýtarmak babatda çözgüt kabul edýär.

15. Geňeşler hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegleriň möçberinde bellenilen tölegleriň alynmagyny we býujetden daşary serişdeleriniň hasabyna gelip gowşan pul serişdeleriniň Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2015-nji ýylyň 14-nji maýynda 871 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, Türkmenistanyň Maliýe ministriniň 2015-nji ýylyň 1-nji maýynda çykaran 50-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanylan, Býujet edaralarynyň býujetden daşary serişdelerini emele getirmegiň, meýilnamalaşdyrmagyň, harçlamagyň, hasaba almagyň we olar boýunça hasabatlylygy alyp barmagyň Tertibine we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda ulanylmagyny üpjün etmelidirler.

16. Geňeşler tarapyndan şu Tertibiň kadalarynyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan jogapkärçilige eltýär.

17. Şu Tertipde bellenilmedik halatlar ýüze çykan ýagdaýynda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna goldanylýar.

 

 

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2025-nji ýylyň 06-njy noýabrynda 1906 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.

 

 

«Hususy notariuslar tarapyndan amala aşyrylan notarial hereketler üçin alynýan tölegleriň möçberi hakynda» okamak üçin bu ýere basyň

Ýene-de okaň

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bildirişi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan 2026-njy ýylyň önümçilik senenamasyny tassyklady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy işe çagyrýar

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalaryny sosial mediada yzarlalyň

Türkiýä talyp wizasyna ýüz tutmak isleýänler üçin bildiriş

Ata Watan Eserleri

Ýaldyrak dogdy