SIZDEN GELENLER

Dostlukly gatnaşyklaryň subutnamasy

Halkymyzyň asyrlar boýy arzuwlan Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitaby biziň her birimiziň baýramçylyk ruhumyzy has-da galkyndyrdy. Alym Arkadagymyzyň çuňňur paýhasyndan syzylyp çykýan kämil eserleriň çap edilmegi ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm waka hasaplanýar we diýarymyzyň bedew batly ösüşine, edermen halkymyzyň dürli ugurlarda gazanýan döredijilikli üstünliklerine täze badalga berýär. Terbiýeçilik ähmiýeti örän ýokary hasaplanýan bu kitabyň “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynda, hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýunyň bellenilýän ýylynda çapdan çykmagynyň örän uly manysy bar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän ýylda döreden bu eseri halkymyzyň asylly däpleriniň dowamatyny alamatlandyrmak bilen, ynsanyýetiň taryhy-medeni gymmatlyklaryny hemmetaraplaýyn öwrenmekdewe ony wagyz etmekde uly ähmiýete eýedir.  Şoňa görä-de «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň dürli dillere terjime edilmegi, dünýäniň giň ylmy köpçüligi tarapyndan hormatly Prezidentimiziň ýiti galamyndan çykýan her bir eseriň gyzgyn garşylanýandygynyň subutnamasydyr.

Ýaňy ýakynda hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitaby hytaý diline terjime edilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirildi. Bu ajaýyp eserde getirilen rowaýatlar, tymsallar  halkymyzyň milli mirasyny düýpli öwrenmekde, ony aýawly saklamakda, giňden wagyz etmekde hem-de geljek nesillere ýetirmekde uly orun eýeleýär. Bu düşünjeler  bilen baglanyşykly döwlet Baştutanymyzyň ylmy taýdan esaslandyrylan garaýyşlaryny özünde jemleýän gymmatly gollanma öwrüljek eser  ylmy maglumatlara baýdygy, diliniň çeperdigi bilen okyjylaryň ünsüni çekýär.

Kitabyň hytaý dilinde çap edilmegi dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary bahasyna eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eserlerine uly gyzyklanma bildirýändigini ýene-de bir gezek tassyklady. Dünýäde giňden ýaýran we iň köp gürlenilýän dilleriniň biri hasaplanýan hytaý dilinde çapdan çykan bu kitap dostlukly ýurduň halky üçin türkmeniň baý taryhy, medeni mirasy, asyrlarboýy dowam edip gelýän asylly ýörelgeleri hem-de milli däpleri hakyndaky maglumatlary öz ene dilinde-hytaý dilinde  okamaga döredilen mümkinçilikdir. Ilki dostlukly döwletiň arasynda dowam edýän diplomatik gatnaşyklary has-da berkitjek bu eseriň hytaý diline çap edilmegi biziň ählimizi begendirdi. Şu pursatda biz ýaşlara ýol-ýörelge, göreldelik mekdebi hökmünde ajaýyp eserleri peşgeş berýän hormatly Prezidentimize talyp ýüregimizden çykýan alkyşlarymyz çäksizdir.

Biz ýaş diplomatlar hem geljekde hormatly Prezidentimiziň bize bildirýän ynamyna jogap edip, ata Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraý-mertebesini has-da ýokary galdyrjakdygymyza, dünýä döwletleri bilen ýola goýulan we goýulýan diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrjakdygymyza ynandyrasym gelýär. Biziň okamagymyz, öwrenmegimiz, döwrebap bilim almagymyz, döredijilikli zähmet çekmegimiz üçin ähli mümkinçilikleri döredip beren hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Sona HALYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

 Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika