MEDENIÝET

Döredijilik bäsleşikleri: Garaşsyzlyk baýramyna sowgatly barmaga mümkinçilik

Türkmenistanyň Medeniýet minsitrligi ýurduň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegini şöhratlandyrmak, giňden wagyz etmek maksady bilen döredijilik bäsleşiklerini yglan etdi.

Bäsleşikler şu ugurlar boýunça guralýar:

  1. Şygryýetiň murapbag (dörtleme), muhammes (bäşleme), müseddes (altylama), kasyda, mesnewi, tahmys, rubagy, tuýug, gazal, aýdyşyk ýaly gadymy görnüşlerinde täze eserleri döretmek boýunça «Garaşsyzlyk, Bitaraplyk — kalbymyzyň joşguny» atly döredijilik bäsleşigi;
  2. Mirasy öwrenijileriň arasynda şöhratly taryhymyzy, nusgawy şahyrlarymyzyň, akyldarlarymyzyň edebi mirasyny, arheologiýany we etnografiýany öwrenmek, wagyz etmek boýunça makalalaryň hem-de kitaplaryň «Mirasymyz — buýsanjymyz» atly döredijilik bäsleşigi;
  3. Merdana halkymyzyň ahlak-edep ýörelgelerini, milli gymmatlyklaryny, maşgala mukaddesligini wasp edýän kyssa eserleriniň «Mukaddesliklere sarpa» atly döredijilik bäsleşigi;
  4. Türkmen bedewleri hem-de alabaýlary hakynda iň gowy goşgulary, poemalary, makalalary, hekaýalary döretmek boýunça «Dal bedewler — halkymyzyň baýlygy, buýsanjymyz — türkmen alabaýlary» atly döredijilik bäsleşigi;
  5. Ýurdumyzyň suratkeşleriniň arasynda şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň «Parahatdyr Watanym, eziz Türkmenistanym!» atly bäsleşigi;
  6. Ýaş şahyrlaryň arasynda goşgulary döretmek boýunça «Şygryýetiň bilbili» atly döredijilik bäsleşigi;
  7. Ýaş žurnalistleriň arasynda makalalary döretmek boýunça «Waspyň dillerde dessan — Arkadagly Türkmenistan!» atly döredijilik bäsleşigi.

Döredijilik bäsleşiklerine hödürlenilýän eserler «Times New Roman» harp ýazuwynda 16-lyk ölçegde, setir arasy 1,0 görnüşde ýazylyp, «medeniyetgovtmay@mail.ru» atly elektron salga iberilmeli.

Bäsleşiklere hödürlenilýän eserler 2021-nji ýylyň 31-nji martyna çenli kabul edilýär. Bäsleşikleriň jemi şu ýylyň aprel aýynda jemlener.

Ýurdumyzyň suratkeşleriniň şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň «Parahatdyr Watanym, eziz Türkmenistanym!» atly bäsleşigi sergi guramak arkaly, şu ýylyň noýabr aýynda jemlener.

Ha­bar­laş­mak­ üçin­ te­le­fon ­bel­gi­le­ri­:­ 44-00-71, ­44-00-81, ­44-02-35.

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

 

Ýene-de okaň

“Oskar” baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni giňden belleniler

“Galkynyş” topary welaýatlarda çykyş ederler

Türkmenistanda mart aýynda geçiriljek esasy çäreler

“Titanigiň” gahrymany ilkinji gezek režissýorlyk eder

Kino dünýäsiniň BAFTA baýraklary gowşuryldy