DÜNÝÄ

Dohada hökümetara türkmen-katar toparynyň mejlisi geçiriler

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkmenistanda täze bellenen Katar Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nasser bin Ahmed Al-Taheriň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda Katar Döwletiniň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, türkmen tarapy iki döwletiň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen işinde diplomata hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny belledi.

Gepleşikleriň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen–katar hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumy boýunça pikir alşyldy. Ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary giňeltmekde ýokary we iň ýokary derejedäki duşuşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.

Taraplar halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň arasyndaky özara gatnaşyklaryň we goldawyň ýokary derejesini bellediler.

Diplomatlar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini hem giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen tarapy Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň ähmiýetini nygtamak bilen, toparyň nobatdaky mejlisiniň 2025-nji ýylyň noýabr aýynyň soňky ongünlüginde Doha şäherinde geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini belledi.

Katar Döwletiniň wekiliýetiniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çärelerde gatnaşmagy bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Ilçi türkmen tarapyna mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Katar Döwleti bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmen-täjik parlamentara dostluk toparynyň duşuşygy geçirildi

Gazak milli agrar ylmy-barlag uniwersitetinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenildi

Ankarada Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi

Türkmenistan daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen birnäçe ylalaşyklara gol çekişdi

Türkmenistanyň we Türkiýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň telefon söhbetdeşlikleri