SPORT

Deşam Fransiýa tälim bermegi dowam eder

Didýe Deşam Fransiýanyň futbol boýunça milli ýygyndysyna tälim bermegi dowam eder. Fransiýanyň Futbol federasiýasy tälimçi bilen täze şertnamanyň gol çekilendigini habar berdi. Şertnamanyň möhleti 2026-njy ýylyň iýunyna çenlidir.

Deşam Fransiýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine 2012-nji ýylda bellendi. Onuň ýolbaşçylygynda Fransiýanyň ýygyndysy 2018-nji ýylda dünýä çempiony boldy. 2021-nji ýylda Milletler ligasynyň kubogyny gazandy. 2016-njy ýylda futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň hem-de 2022-nji ýylda futbol boýunça dünýä çempionatynyň finalyna çykmagy başardy.

Deşamyň tälimçiliginde Fransiýanyň ýygyndysy 139 duşuşyk geçirip, 89 gezek ýeňiş gazandy we 32 gezek ýeňildi.

54 ýaşyndaky tälimçi ozal Fransiýanyň milli ýygyndysy bilen 1998-njy ýylda dünýä çempiony bolupdy. Ol şu gezekki şertnamasyny tamamlan halatynda 14 ýyl Fransiýanyň ýygyndysyna tälim beren hünärmen bolar.

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri