SPORT

Deklan Raýsyň gollary “Realy” ruhdan düşürdi

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň çärýek finalynyň ilkinji duşuşyklary geçirildi. Onda Angliýanyň “Arsenal” topary öz meýdançasynda geçen ýylyň çempiony “Real Madrid” toparyny kabul edip, 3:0 hasabynda utdy.

Germaniýanyň “Bawariýa” topary bolsa öz meýdançasynda Italiýanyň “Inter” toparyndan 2:1 hasabynda utuldy.

Londonyň “Arsenaly” janköýerleriň garaşylmadyk netijesini gazandylar. Iňlis toparynyň ýarymgoragçysy Deklan Raýsyň uzak aralykdan geçiren 2 goly belki UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň iň owadan gollary bolup biler. Hususan-da, 2-nji goly has-da tapawutlandy.

Deklan Raýs duşuşygyň 58-nji we 70-nji minutlarynda, şeýle hem Mikel Merino 75-nji minutda tapawutlandy.

Beýleki duşuşykda bolsa, “Bawariýa” topary “Interi” kabul etdi. Italýan topary 38-nji minutda Laotaro Martinez hem-de Dawide Fratezziniň gollary bilen ýeňiş gazandy. German toparynyň ýeke-täk goluny Tomas Müller geçirdi.

Bu toparlaryň arasyndaky jogap duşuşygy 16-njy aprelde geçiriler.

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi