SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Daşoguz welaýatyna syýahat otlusy guraldy

Aşgabadyň demir ýol menzilinden Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we hususy kompaniýalar tarapyndan guralan zyýarat otlusy ýola düşdi. Aşgabat ― Daşoguz aralygyndaky bu otlynyň ýolagçylary demirgazyk sebitdäki taryhy ýadygärliklere gezelenç etdiler.
Has takygy, zyýarat-gezelenjiň esasy ugry ÝUNESKO tarapyndan goralýan «Köneürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çäklerindäki ýadygärlikler boldy. Şeýle hem syýahatçylar demirgazyk sebitiň tebigy aýratynlyklary we beýleki taryhy ýadygärlikleri bilen tanyşdylar.

Ilkinji syýahata medeniýet, bilim we hususy pudaklaryň 70-den gowrak wekili gatnaşdy. Daşoguz şäherine otly bilen baran syýahatçylar Köneürgenç ýadygärliklerine döwrebap awtobuslar arkaly alnyp gidildi. Şeýlelikde, syýahatçylara Beýik Ýüpek ýolunyň belli bir bölümlerini geçmek üçin mümkinçilik döredildi.

Şeýle syýahat otlularyny ýurduň beýleki sebitlerine hem guramak göz öňünde tutulýar. Ilkinji syýahat otlusy 27-nji noýabrda Aşgabada gaýdyp geldi.

Ýene-de okaň

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler