IŞ GÖZLEÝÄNIŞ ORUNLARY & TENDERLERIŞGÄR GÖZLEÝÄN

Daşoguz welaýat häkimligi bäsleşik yglan edýär

Daşoguz welaýat häkimligi Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda Daşoguz şäherinde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň we desgalar toplumynyň çäginde gurulmaly awtoulag çykalgaly ýangyna garşy göreş deposynyň 6-synyň gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek üçin potratçylary seçip-saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

— gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy baradaky maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermek;

— edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat;

— hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;

— häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk-abatlaýyş işleri barada maglumat.

Bäsleşik teklipleri 2023-nji ýylyň 13-nji noýabryna, her gün sagat 9:00-dan 18:30-a çenli kabul edilýär.

Salgysy: Daşoguz şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň 10/1-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (993 322) 9-03-02, faks belgisi: (993 322) 9-03-14.

Ýene-de okaň

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň çäginde boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler

Ata Watan Eserleri

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler.

USAID-iň YDA Taslamasy iş berijileri Türkmenabatdaky «TechYouth Bootcamp» maksatnamasynyň iş orunlar ýarmarkasyna çagyrýar

Ofisant

Guwanç

TERJIMEÇI GEREK

Makul Hyzmat