MEDENIÝET

Daşkent şäherinde türkmen suratkeşleriniň eserleriniň sergisi geçirilýär

Özbegistan Respublikasynyň Çeperçilik akademiýasynyň binasynda Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli türkmen suratkeşleriniň eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi.

Dabara Ilçi Ş.Meredow, Özbegistan Respublikasynyň Çeperçilik akademiýasynyň başlygy A.Nuridinow, medeniýet we sungat işgärleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Sergide türkmen suratkeşleriniň Magtymguly Pyragynyň durmuşyndan wakalaryny we türkmen medeni mirasynyň nyşanlaryny görkezýän 30-dan gowrak eserleri görkezildi. Çäräniň dowamynda serginiň beýik türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň poeziýasyny ýaýbaňlandyrmakdaky wajyp orny bellenildi.

Sergi 2024-nji ýylyň 22-nji awgustyna çenli dowam eder.

Related posts

Türkmenistanda Koreý medeniýetiniň günleri geçirilýär

Şähryslam taryhy ýadygärliginde rejeleýiş işleri geçirildi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde “Pars şygryýeti, edebiýaty we Şahriýary ýatlama” çäresi geçirildi