MEDENIÝET

«Daragt» çeper filmi Täjigistanda halkara baýraga mynasyp boldy

Türkmen kinorežissýory Sahysalyh Baýramowyň «Daragt» çeper filmi 2025-nji ýylyň 15-20-nji oktýabry aralygynda Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilen II “Tojik somoni” halkara kinofestiwalynda eminler toparynyň ýörite baýragyna mynasyp boldy.

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde surata düşürilen bu film «Nawruz» kinoteatrynda bäsleşik maksatnamasynyň çäklerinde görkezildi.

Filme Russiýa Federasiýasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň tanymal kino işgärlerinden ybarat bilermenler topary baha berdi.

Türkmen kinosyna berlen bu ýokary baha filmde türkmen zenanynyň maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylygyny açylyp görkezilmegi bilen hem ýokary baha mynasyp boldy.

Türk­men re­žiss­ýo­ry S. Baý­ra­mo­wyň «Da­ragt» fil­mi türk­men maş­ga­la­sy­nyň yk­ba­ly ba­ra­da gür­rüň ber­ýär. 1941–1945-nji ýyl­la­ryň Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şy döw­rün­de adam­sy­ny ur­şa ug­ra­dan baş gah­ry­man Nä­zik on­dan bä­ri en­çe ýyl ge­çe­nem bol­sa, gur­sa­gyn­da onuň gaý­dyp gel­jek­di­gi­ne bo­lan yna­my bes­läp, umyt bi­len ga­raş­yp gelipdir. Film geçen ýyllaryň edebini we şaýatlaryň gürrüňlerinden ýazylyp alnyp ýygnalan hakykatdan bolan wakalary öz içine alýar.

Türkmen zenanynyp wepadarlygyny hem-de maşgala ojagyny ygrarlylygyň giňden açylyp görkezilen bu filmine berlen ýokary baha Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda maşgala gymmatlyklaryna goýulýan belent sarpadan nyşandyr.

Halkara kinofestiwala dünýäniň 20-den gowrak döwletinden kinorežissýorlar geldi. Bäsleşigiň temasy 16-njy oktýabrda Täjigistanda giňden bellenilýän Täjik kinosynyň gününe bagyşlanyp geçirildi.

Mundan ozal hem «Daragt» atly türkmen filmi dünýäniň köp sanly ýurdundaky halkara festiwallara gatnaşypdy we birnäçe  baýraklara mynasyp bolupdy.

Şeýle hem Täjigistandaky halkara kinofestiwalynda Maksat Gylyjowyň surata düşüren “Kompozitor” atly çeper filmi görkezilip, täjik hem-de daşary ýurtly kino muşdaklarynyň dykgatyna ýetirildi. Mälim bolşy ýaly, bu film Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýakyndan ýardam bermeginde surata düşürilipdi.

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň ýokary hilli mazmunly film öndürmek boýunça ýurdumyzda öňdebaryjy kärhanadygyny bellemek gerek. Her ýyl ýurdumyzyň medeniýetini, taryhyny we häzirki durmuşyny görkezýän dürli žanrly täze filmler kinoekranlaryna çykýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda dekabr aýynda geçiriljek esasy çäreler

Dünýäniň iň kiçi aty rekordlar kitabyna girizildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinosy «Göwher kebelek» kino baýragyna mynasyp boldy

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyryldy

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni