JEMGYÝET

Dagyň beýikligi kemeldi

Şwesiýanyň dagynyň beýikligi ählumumy maýylganlyk sebäpli iki metr kemeldi. Şwesiýaly alymlaryň pikirine görä, ählumumy maýylganlyk daglaryň beýikligini peseldip biler. “Physical Geography” neşirindäki habaryna görä, ýurduň iň beýik dagy Kebnekaýseniň beýikligi soňky iki ýylda takmynan iki metr kemeldi.

Dagyň beýikligini yzygiderli ölçemek 1968-nji ýylda başlandy. Şonda dagyň belentligi 2120 metre (6,955 fut) deňdi. Şondan bäri dagyň beýikligi ygal ýaly köp faktor sebäpli üýtgäp başlady. 1990-njy ýyllardan bäri dagyň beýikligi peselmek bilen bolýar.

Dagyň beýikliginiň üýtgäp durmagy onuň iň beýik gerişlerindäki buzluklar bilen baglanyşykly bolup durýar. Alymlaryň pikirinä görä, buzluklaryň deň däl derejede üýtgeýär.

Emma, ​​umuman aýdanyňda, buzluklaryň azalyp barýandygy äşgärdir. Alymlar şeýle ýagdaýyň diňe Şwesiýada däl, eýsem beýleki Ýewropa ýurtlarynda-da bolup geçýändigini bellediler.

 

Germaniýanyň nobatdaky kansleri kim bolar?

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi