Türkiýeli meşhur aşpez Burak Özdemir Türkmenistandaky şahamçasy bolan Aşgabat şäherindäki «Arkaç» söwda we dynç alyş merkezinde «CZN Burak Gurme» restoranyny açdy. Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda açylan restoranyň açylyş dabarasyna “Ata Watan Media” topary hem gatnaşdy.
Ata Watan Media” toparymyz türk aşpezi, sosial medianyň tanymal ýüzi bolan Burak Özdemir bilen ýörite söhbetdeşlik gurnady.
Şol söhbetdeşligi “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň “Atavatan Youtube” kanalyndan tomaşa edip bilersiňiz.
– Burak Özdemir kim? Ilki bilen özüňiz barada gysgaça maglumat beräýseňiz?
– Adym Burak. Ýöne meni “CZN Burak” hökmünde tanaýarlar. 28 ýaşymda. Stambulda dünýä indim. Häzirki wagtda Türkmenistanda bolýaryn.
– Tagamlara bolan gyzyklanmaňyz haçan başlady?
– Çagalygymdan bäri tagamlara bolan gyzyklanmam bar. Ejem kiçiligimde aşhanada dürli tagamlary taýýarlamagy öwretdi. Meniň üçin entegem iň gowy tagam ejemiň bişiren tagamydyr. Ony nusga edinip, şu günlere ýetdim.
– Türkmenistan bilen tanyşlygyňyz haçan başlady?
– Türkmenistany köp ýyllardan bäri bilýärin. Bu ýurda gelenimde özümi başgaça duýýaryn. Sebäbi bu döwlete gelenimde özümi şu topraklarda dünýä inem ýaly görýärin. Sebäbi şol bir dilde gürleşýäris, ýüreklerimiz birdir. Şonuň üçin Türkmenistanyň gaty gowy görýärin. Bu ýere gelendigim üçin hem örän şatdyryn. Meni gyzgyn garşylandyklary üçin ähli türkmen doganlarymyza minnetdarlyk bildirýärin.
– Aşgabatda öz işine başlan «CZN Burak Gurme» restoranynda müşderileriňize haýsy tagamlary hödürlärsiňiz?
– Täze açylan restoranymyzda türkmenistanlylara dürli tagamlary hödürläris. Şol bir wagtda türkmen aşhanasy hem örän baýdyr. Türkmen palawyny taýýarlarys. Bu ýerde biziň tagamlarymyza uly gyzyklanma bar. Maňa bolan gyzyklanmalayr hem örän begendirdi. Birnäçe günden bäri türkmen muşdaklarymyzyň uly gyzyklanmasyna eýe bolduk. Munuň üçin hem türkmen halkyna köp-köp sagbolsun aýdýaryn.
– Näme üçin sizi Burak Özdemir däl-de, “CZN Burak” hökmünde tanaýarlar?
– Men mundan ozal, dokma toplumynda işleýärdim. Şol firmanyň ady “CZN” bolup durýardy. Ol ýerde ýük daşaýjy bolup işleýärdim. Men “CZN” lakamyna seredenimde, ýaşlyk ýa-da çagalyk ýyllarym ýadyma düşýär. Şonuň üçin nähili kynçylyklary ýeňip geçip, gelendigimizi hiç wagt unutmaýaryn.
– Siziň başga döwletlerde-de restoranlaryňyz barmy?
– Stambulda diňe bir sany “CZN Burak” restorany bar. Ol hem “Vadi Istanbul Mall” söwda merkezindedir. Türkiýäniň başga ýerinde restoranym ýokdur. Mundan başga-da, Türkmenistanda, Yrakda, Bahreýnde, BAE-niň Dubaý şäherinde, Angliýada, Müsürde, Täjigistanda, Özbegistanda we Hytaýda bar.
– Türkmenistan babatda geljekde amala aşyrjak meýilnamalaryňyz barada aýdyp beräýseňiz?
– Aşgabatda açylan restoranymyza uly gyzyklanma boldy. Mundan soňra Hytaýa giderin, ol ýerde-de restoranymyz açylýar. Soňra täzeden Türkmenistana gelerin. Türkmenistanda köpräk bolup, bu ýerde müşderilerimize dürli tagamlary hödürläris. Meniň üçin köp restoran açmak däl-de, türkmen halkynyň goldawyny duýmak has möhümdir. Şonuň üçin ähli türkmen halkyna çuňňur minnetdarlygymy bildirýärin.
“CZN Burak” ady bilen tanalýan meşhur aşpez bilen ýörite söhbetdeşlik