JEMGYÝET

“CZN Burak” ady bilen tanalýan meşhur aşpez bilen ýörite söhbetdeşlik

Türkiýeli meşhur aşpez Burak Özdemir Türkmenistandaky şahamçasy bolan Aşgabat şäherindäki «Arkaç» söwda we dynç alyş merkezinde «CZN Burak Gurme» restoranyny açdy. Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda açylan restoranyň açylyş dabarasyna “Ata Watan Media” topary hem gatnaşdy.

Bu restoran hem-de meşhur türk aşpeziniň Aşgabada sapary  sosial mediýada uly şowhun döretdi. “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň sosial torlarynda hem bu restoranyň açylyş dabarasynyň wideoýazgylaryny tomaşa edip bilersiňiz.

Bilşiňiz ýaly, Burak Özdemiriň uly tabaklardaky tagamlary has ýatda galyjy bolup müşderileriň söýgüsini gazanmagy başardy. Ol iki metrlik kebap we tutuş maşgala üçin niýetlenen burgerleri bilen myhmanlary geň galdyrdy. Häzirki wagtda onuň restoranlarynyň şahamçalary Irlandiýada, Katarda, Müsürde, Birleşen Arap Emirliginde, Täjigistan Respublikasynda, Özbegistan Republikasynda, Angliýada bu günki gün bolsa Türkmenistan döwletimizde işleýär.

Şeýle hem “Ata Watan Media” toparymyz türk aşpezi, sosial medianyň tanymal ýüzi bolan Burak Özdemir bilen ýörite söhbetdeşlik gurnady.

Şol söhbetdeşligi “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň “Atavatan Youtube” kanalyndan tomaşa edip bilersiňiz.

Şeýle hem bu söhbetdeşligi “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň “www.atavatan-turkmenistan.com” saýtynyň “Söhbetdeşlik” bölüminde okap bilersiňiz.

Bu söhbetdeşligiň linki:https://youtu.be/WeoSVQMG91E?si=tyBMVAScrFyKOffF

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaýa dostluk sapary başlandy

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Ata Watan Eserleri