SIZDEN GELENLER

Çowdary çöregiň iýmitlik ähmiýeti

Çowdary çöregi Demirgazyk Ýewropa halklarynyň gadymy wagtlardan bäri peýdalanyp gelýän iýmit önümleriniň biridir. Şol wagtlarda bu ýerde gara çörek çowdary unundan ýasalypdyr. Russiýada bolsa XI asyrda çowdary çöreginiň tagamy öwrenilipdir.

Çowdary çöreginiň 100 gram iýmitlik gymmaty 250 kkal-a deňdir. Şeýle hem onuň düzüminde beloklar, ýaglar we uglewodlar bardyr.

Çowdary çöreginde B, K we PP witaminleri şeýle hem kaliý, kalsiý, magniý, sink, selen, mis, marganes, demir, fosfor, natriý we aminokislotalar bardyr. Ol aşgazan-içege ulgamynyň işini kadalaşdyrmaga ýardam berýär. Şeýle hem çowdary çöregi deriniň we saçyň saglygyna peýdaly täsir edýär.

Mundan başga-da, çowdary çöregi bedenden zyýanly toksinleri ýok etmäge kömek edýär we ol gan öýjükleriniň emele gelmegine itergi berýär.

Çowdary çöreginiň himiki düzümi:

  • beloklar – 6,6 gram;
  • ýaglar – 1,2 gram;
  • uglewodlar – 33,4 gram;
  • iýmit süýümi – 8,3 gram;
  • organiki kislotalar – 1 gram;
  • suw – 47 gram;
  • krahmal – 32,2 gram;
  • kül – 2,5 gram.

Çowdary çöregini gowurlan et bilen iýmeklik ýürek bulanmanyň ýüze çykmagyna getirip biler. Şonuň üçin hem hünärmenler ony süýt we çorba bilen iýmekligi maslahat berýärler.

Amanowa Meňli

Tohu-nyň talyby

“Hugo Boss” markasynyň taryhy

 

Ýene-de okaň

Aşgabat-arzuwlaryň ak şäheri

Türkmenistan-syýahatçylygyň mekany

Ata Watan Eserleri

Nebitgaz pudagynda geljegi uly hyzmatdaşlyk

Konstitusiýa we Döwlet baýdagy – mukaddes nyşanlarymyz

Nebitgaz pudagynyň batly gadamlary

Sanly tehnologiýalar – täze eýýamyň hereketlendiriji güýji