JEMGYÝET

Baýramçylyk çapyşygy: ýeňijilere pul sowgatlary gowşuryldy

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda baýramçylyk dabaralary geçirildi. Hususan-da, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan at çapyşyklar guraldy.

Baýramçylyk dabaralaryna Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Hökümet agzalary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalaryň, KHBS-niň wekilleri, şeýle-de köpsanly myhmanlar we at çapyşygyň janköýerleri gatnaşdylar.

Dürli aralykda dürli ýaşar atlaryň arasynda geçirilen at çapyşyklaryň jemi ýedisi bolup, şolaryň her birinde bedewler özüniň iň gowy sport häsiýetlerini görkezdiler.

Soňra at çapyşyklaryň ýeňijilerine sylaglary gowşumak dabarasy geçirildi. Olara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Çäräniň çäklerinde medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary gurnaldy. Şeýle-de suratkeşdir nakgaşlaryň, zergärleriň we heýkeltaraşlaryň ahalteke bedewleriniň gözellik aýratynlyklaryny çeper beýan edýän döredijilik işleriniň hem-de muzeý gymmatlyklarynyň sergisi gurnaldy.

 

Dünýäde ilkinji gazet  haçan döräpdir?

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri