JEMGYÝET

Türkmenistan “ITTC-2024” halkara ulag forumyna taýýarlyk görýär

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda şu ýylyň 26-27-nji noýabrynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly III halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Şu gezekki forum durnukly ulagy ilerletmek hem-de pudagyň sanlylaşdyrylmagy babatda gazanylýan üstünlikler babatynda möhüm ähmiýete eýe bolar.

Halkara ulag forumy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen “Belli” hojalyk jemgyýeti tarapyndan geçirilýär.

Maslahat ýaşyl we tasirli ulag düzümlerini döretmek babatda möhüm gepleşikleriň geçirilýän ýerine öwrüler, şeýle hem Türkmenistanyň Merkezi Aziýada durnukly ulag babatda wajyp ýurtdygyny görkezer.

40-dan gowrak döwletden ýokary derejeli wekiliýetleriň gatnaşmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşylýar. Halkara bilermenleri maýa goýum mümkinçiliklerini hem-de öndürijilikli çözgütleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Çaklamalara görä, halkara forum  täze hyzmatdaşlyklaryň döremegine hem-de ulag pudagynda düpli özgertmeleriň amala aşyrylmagy üçin başlangyç bolar.

Şonuň üçin Siz hem bu halkara foruma gatnaşmak isleseňiz, şu aşakdaki linkden hasaba durup bilersiňiz.

Hasaba alyş saýtda: https://ittc-turkmenistan.com/ru.

Ýene-de okaň

Döwletjan Ýagşymyradow 31-nji iýulda nobatdaky tutluşygyna çykar

Malaýziýanyň Premýer-ministri Tatarystandan soňra Türkmenistana geler

Türkmen ýaşlary üçin Hytaýa okuwa kabul edişlik başlady

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Si Szinpini doglan güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Si Szinpini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana sapary meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri