SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Covid-19” bilen kesellänler akyl kynçylyklaryny başdan geçirýär

ABŞ-da geçirilen gözleg, täze görnüşli korona wirusyna eýe bolan adamlaryň köpüsiniň diagnoz goýlandan soň akyl kynçylyklaryny dowam etdirýändiklerini ýüze çykardy.Gözleg, bu näsaglaryň ýat, köp seslenmek, pikirleniş tizligi we üns bermek ýaly akyl endikleri bilen baglanyşykly kynçylyklarynyň diagnozdan soň, 7 aýdan gowrak dowam edýändigini ýüze çykardy. Şeýle hem hassalarda iň köp duş gelýän meseläniň täze ýatlamalary döredip bilmezligi we köne ýatlamalary ýatlap bilmezligi nygtaldy.

Gözlegiň jogapkärleri, uzak möhletli akyl meseleleriniň näsaglaryň ýaşy we keseliň agyrlygy bilen baglanyşykly däldigini aýdyp, akyl başarnyklary synaglarynyň ýaşyna garamazdan “Covid-19” ideg standartynyň edilmelidigini öňe sürdüler.

Amerikan “NBC” kanaly bilen söhbetdeşlikde Demirgazyk-Günbatar Medisina Merkeziniň işgäri Dr. Igor Koralnik: “Gözlegleriň netijesi, bu ugurda görýän ýagdaýymyzy tassyklaýar. Akyl meseleleri “Covid-19” sebäpli keselhana ýerleşdirilenlerde hat-da keseli ýeňil geçirenlerde hem ýüze çykýar.” – diýip mälim etdi.

Koralnik bu meseläniň keseli ýeňil geçiren ýaşlarda näme üçin ýüze çykýandygyny we haçan gutuljakdygyny bilmeýändiklerini, ýöne käbir hassalaryň akyl näsaglyklary sebäpli özlerine ideg edip bilmeýändigini aýtdy.

 

Tüwi suwunyň bejeriş aýratynlyklary hakda bilýärsiňizmi?

 

Ýene-de okaň

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar