MEDENIÝET

«Çoganly» ýaşaýyş toplumynda döwrebap jaýlar açyldy

Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň «Çoganly» ýaşaýyş toplumynda iki gatly döwrebap jaýlaryň açylyş dabarasy boldy. Munuň özi Aşgabat şäheriniň gününiň öňüsyrasynda toýlary toýa ulaşýan ýurdumyzyň ýaşaýjylary üçin özboluşly baýramçylyk sowgady boldy.

«Aşgabat» döredijilik toparynyň aýdym-sazly çykyşlary täze jaýlaryň açylyş dabarasyna baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Täze jaýa göçüp gelmek bagty miýesser eden maşgala agzalaryna jaýlaryň açarlarynyň gowşurylmagy dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Milli lybasly gelin-gyzlar dabara gatnaşyjylara türkmen aşhanasynyň datly tagamlaryny, toý pişmelerini hödürlediler. Bu ýerde ýaşaýyş jaýlaryny bina etmekde has tapawutlanan gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlaryň gowşurylmagy ýatda galyjy pursatlar bilen utgaşdy.

Meşhur estrada aýdymçylary we teatr artistleri türkmen halkynyň milli toý dessurlaryny janlandyryp, täsirli çykyşlary görkezdiler. Aýratyn-da, täze dünýä inen bäbege Aşgabat diýlip at dakylmagy, onuň uly şatlyk-şowhun, döwrebap bezegli ulaglar bilen mährem ojaga getirilmegi dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Paýtagtymyzyň soňky ýyllarda sazlaşykly ösüş ýoluna düşen künjegi bolan «Çoganly» ýaşaýyş toplumynda iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli ýaýbaňlandyrylan dabaralar uzak wagtlap dowam etdi.

Ýene-de okaň

Dünýäniň iň kiçi aty rekordlar kitabyna girizildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinosy «Göwher kebelek» kino baýragyna mynasyp boldy

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyryldy

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy