TEHNOLOGIÝA

“Clubhouse” indi Android üçin hem elýeterli bolar

Soňky aýlarda meşhurlyk gazanan “Clubhouse” ses messenjeri ýakyn wagtlarda Android ulanyjylary üçin hem elýeterli bolar. Bu habar döredijileriň blogynda peýda boldy diýip, metbugat saýtlary habar berýär. Takmynan bir ýyl mundan ozal bu messenjer diňe iOS-da işleýän enjamlarda ulanylyp bolunýardy.

Berlen maglumatlara laýyklykda, “Clubhouse” ABŞ-nyň çäklerindäki ulanyjylar üçin elýeterli boldy. Ýene birnäçe hepdeden soňra bu messenjer beýleki iňlis dilinde gürleýän ýurtlarda, soňra dünýäniň hemme ýurtlarynda işläp başlar.

Goşulma elýeterli bolan badyna dessine habar almak üçin ulanyjylar “Google Play Store”-da “Clubhouse” messenjeriniň sahypasynda registrasiýa edip bilerler.

 

Pasport almak üçin haýsy edara ýüz tutmaly?

 

 

 

Related posts

“Boeing”: awiasiýa üçin 20 ýylda 2 milliondan gowrak hünärmen gerek

“LG” täze nesil agyz-burun örtügini öndürdi

Ýokary tizlikli täze uçar