SPORT

Çempionlar ligasy: “Liwerpula” näme boldy?

UEFA-nyň iň ýokary derejedäki ýaryşy hasaplanýan Çempionlar ligasynda toparçalardaky ilkinji duşuşyklar geçirildi.

Geçen ýylyň finalçysy “Liwerpul” toparyna ne döw çaldy? Ýurgen Kloppyň futbolçylary Angliýanyň milli çempionatyndan soňra Çempionlar ligasynda hem garaşylan netijäni alyp bilmeýär. “Liwerpul” topary myhmançylykda “Napoli” toparyna 4:1 hasabynda ýeňildi.

“BARSELONA” TOPARY LEWANDOWSKI BILEN ÖSÜŞDE

Ispaniýanyň “Barselona” topary öňki durkuna gelip başlady. Ozal ähli toparlaryň duşuşmagy göz öňünde tutmaýan topary bolan “Barselona” birneme güýjüni çagyrypdy. Topar Hawi bilen täzeden güýçlenip, ýene-de öňki durkuna gelip başlady.

“Barselona” topary Çehiýanyň “Wiktoriýa” toparyny 5:1 hasabynda ýeňdi. Toparyň düzüminde polşaly hüjümçi Robert Lewandowski 3 gol geçirip, het-trikleriň öňdebaryjysyna öwrülip barýar.

Ol Çempionlar ligasynda 107 duşşuykda oýnap, 108 gol geçirdi. Lewandowski Çempionlar ligasynda 6 duşuşykda het-trik edip, Messi bilen Ronaldo golaýlar. Bu iki futbolçynyň görkezijisi 8-e deňdir.

DÜÝN GEÇIRILEN DUŞUŞYKLARYŇ NETIJELERI

“Aýntraht” – “Sporting” 0:3 

“Aýaks” – “Reýnjers” 4:0 

“Bawariýa” – “Inter”  2-0

“Napoli” – “Liwerpul”  4-1

“Barselona” – “Wiktoriýa Plzen” 5-1

“Atletiko Madrid” – “Porto”  2-1

“Brýugge” – “Baýer” 1-0

“Tottenham” – “Marsel”  2-0

 

Ýene-de okaň

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşyklary