SPORT

Çempionlar ligasy: ispan toparlary üstün çykdy

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/4 finalynyň birinji oýnunda “Barselona” myhmançylykda “Pari Sen-Žermeni” 3:2 hasabynda utdy.

Ispan toparynyň düzüminde Rafinýa iki gol bilen tapawutlandy (37-nji, 62-nji minutlar), ýene bir goly Andreas Kristensen (77) geçirdi. “PSŽ-niň” düzüminde gollary ozalky “Barselonanyň” futbolçysy Usman Dembele (48) we Witor Ferreýra (50) girizdi.

Ispaniýanyň başga bir güýçli topary  “Atletiko Madrid” bolsa, öz meýdançasynda Germaniýanyň Dortmunt şäheriniň “Borussiýa” toparyndan üstün çykdy. Ispaniýada geçirilen oýun 2:1 hasabynda tamamlandy.
“Atletikonyň” düzüminde Rodrigo de Paul (4) we Samuel Lino (32), “Borussiýadan” Sebastýan Aller (81) gol bilen tapawutlandy.
Bu toparlaryň arasyndaky jogap oýunlary ýen-de 6 günden geçiriler.

Related posts

«Arkadag»-«Al-Nasr» duşuşygy: Aşgabat owadan ýazgylar bilen bezeldi

Futbolçylara üwmeç we maýones iýmek gadagan

2024-nji ýylda türkmen türgenleri 752 medal gazandy