SPORT

Çempionlar ligasy: iňlis toparlary ýarym finalda

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/4 final tapgyrynyň nobatdaky duşuşyklary geçirildi. Onda iňlis toparlary “Liwerpul” bilen “Mançester Siti” ýarym finala çykmagy başardy.

Ilkinji duşuşygynda Ispaniýanyň “Atletiko Madrid” toparyny 1:0 hasabynda ýeňen “Mançestes Siti” üçin jogap duşuşygy örän kyn geçdi. Meýdançada futbolçylaryň arasynda çekeleşikli ýagdaýlar ýüze çykdy. Olar biri-biri bilen uruşmagyň bäri ýanyndan gaýtdylar. Emin birnäçe gezek duşuşygy togtatmaly boldy. Şonuň üçin esasy wagtyň üstüne 12 minut çemesi wagt goşuldy.

Netijede, duşuşyk 0:0 hasabynda deňme-deň tamamlandy we “Mançester Siti” ýarym finala çykdy. Toparyň tälimçisi Pep Gwardiola bolsa tälimçi hökmünde 9-njy gezek Çempionlar ligasynyň ýayrm finalyna çykmagy başardy.

Beýleki duşuşykda, “Liwerpul” ilkinji duşuşykda “Benfika” toparyny 3:1 hasabynda ýeňipdi. Jogap duşuşygynda bolsa, toparlaryň duşuşygy 3:3 hasabynda tamamlandy.

ÝARYM FINAL DUŞUŞYKLARY

Çempionlar ligasynyň ýarym finalynda “Real Madrid” topary “Mançester Siti” bilen duşuşar, “Liwerpul” bolsa, “Wilýarreal” bilen oýnar.

 

 

Hormatly Prezidentimiz telekeçileriň gazananlarynyň sergisi bilen tanyşdy

 

Ýene-de okaň

Gurban Berdiýew Azerbaýjanyň topary bilen ýewrokuboklara dolanýar

Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy Aziýa çempionatyna gatnaşar

“Şahtýor” 16-njy gezek Ukrainanyň çempiony boldy

“Barselona” Ispaniýanyň çempiony boldy

«Galatasaraý» topary Türkiýäniň çempiony boldy

Türkmenistanyň futbol wekiliýeti Wankuwerde