JEMGYÝET

Çekirtge ― Hytaý üçin täze howp

Hytaýyň oba hojalyk meýdanlaryna ýakynda çekirtgeleriň uly toparynyň hüjüm etmegine, başgaça aýtsak, çekirtge ýagmagyna garaşylýar. Häzir koronowirus bilen göreşýän Hytaý hökümeti bu ýagdaýyň oba hojalygyna ýetirip biljek zyýanyny mümkingadar derejä çenli azaltmagyň aladasynda.

Geçen ýyl çekirtgeler Afrikanyň birnäçe döwletiniň oba hojalygyna uly zyýan ýetiripdi. Häzir gündogar Aziýa döwletlerine hem şeýle howp abanýar. Esasan hem, çekirtgeleriň aglaba böleginiň Hytaýa aralaşmagyna garaşylýar.

Aslynda-da, çekirtge zerarly Hytaýda her ýyl 10 million gektara golaý ýerden garaşylan hasyly alyp bolanok. Şu ýyl bu howpdan aman-sag dynmak üçin ähli tagallalar edilýär. Bu işde tehnologiýa giňden peýdalanylar.

Bir çekirtge bir günde 120 kilometr aralygy geçip bilýär. Olaryň has uly süýrilerinde ýarym milliarda çenli çekirtge bolýar. Diňe şu maglumatlar hem olaryň oba hojalygyna nädereje zyýan getirip biljekdigine göz ýetirmek üçin ýeterlikdir.

Related posts

“Atavatan Türkmenistan” uluslararası dergisi Güney Kore’de

vepa

Elizabet Rud: ABŞ Türkmenistanyň oňyn bitaraplygyna ýokary baha berýär

Türkmenistan 10.Uluslararası Gaz Kongresi’ne hazırlanıyor

vepa