JEMGYÝET

Täze filmler bosagada

BBC-niň habar bermegine görä, mart aýynyň dowamynda Ýer ýüzüniň dürli künjeginde garaşylýan täze filmleriň birnäçesi ilkinji gezek ekrana çykar. Olaryň arasynda dünýäniň iň meşhur kinokompaniýalary tarapyndan surata düşürilen «Rahat ýer 2», «Mulan», «Harby zenanlar», «Aw», «Dowamy», «Hakykat» ýaly filmler bar.

Dünýä kinomatografiýasynyň wekilleri täze filmleriň hem ummasyz girdejiniň çeşmesi boljakdygyna ynanýarlar.

Kino älemindäki täzelikler juda tiz ýaýraýar. «Rahat ýer» filiminiň birinji bölümi hem köp girdeji getiripdi. Ikinji filmde režissýor K.Jonniniň aýaly baş keşbi ýerine ýetirdi. Filmiň 18-nji martda ilkinji gezek görkezilmegine garaşylýar.

«Mulan» «Disneý» kompaniýasy tarapyndan surata düşürilip, onda Watan goraýan hytaýly gyz barada gürrüň berilýär. Bu gahryman gyz bize eýýäm multfilmden hem tanyş. Ol film görnüşinde bolsa 25-nji martda dolanyp geler.

«Aw» atly başga bir film bolsa Beýik Britaniýada 11-nji martda, ABŞ bilen Şwesiýada 13-nji martda görkezilip başlanar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan «Taýwanyň garaşsyzlygy» bilen bagly islendik görnüşlere garşy çykyş edýär

Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Bakudaky WUF13 forumynda Arkadag şäheri tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Elçin Guliýew bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Şazada Edward bilen duşuşdy

Patyşa Karl III: ahalteke bedewleri dünýäde meşhur atlar hasaplanýar