DÜNÝÄ

Hytaýly milliarderden sowgat

«Alibaba» korporasiýasynyň esaslandyryjysy Žek Ma ýapon hökümetine koronowirusdan goranmak üçin bir million lukmançylyk örtügini sowgat berdi. Bu barada «China Daily» neşiriniň habarynda aýdylýar.

Hytaýyň iň baý adamy Ýaponiýada koronowirus bilen bagly ýagdaýlaryň düzeljekdigine ynanýar. Aýdylyşyna görä, Žek Ma tarapyndan sowgat berlen 50 tonna lukmançylyk örtügi Hytaýdan Tokio şäherine «China Eastern Airlines» awiakompaniýasy arkaly eltilip berildi.

Häzirki wagtda Ýaponiýada bu kesele ýoluganlaryň sany müň adama ýetdi.

Related posts

Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň ugurlary maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

BAE-niň feýerwergi Ginnese girdi

vepa

Özbegistanyň medeniýet ministrine Gyrgyz Respublikasynyň halk artisti diýen at dakyldy