DÜNÝÄ

BMG-niň ozalky baş sekretary aradan çykdy

Birleşen Milletler Guramasynyň ozalky baş sekretary Hawýer Peres de Kuelýar 101 ýaşynda aradan çykdy. Peruly diplomat 1982-nji ýylda BMG-niň baş sekretarlygyna saýlanypdy. Ol bu abraýly wezipede 2 möhlet işledi

Ol dünýäniň köp sanly çylşyrymly meseleleriniň çözülmegine işjeň gatnaşdy. Ol BMG-niň 5-nji baş sekretarydyr. Latyn Amerikasy yklymyndan saýlanan ilkinji dalaşgärdir. 1995-nji ýylda ol öz ýurdy, ýagny Peruda Prezident saýlawlaryna hem gatnaşdy.

Hawýer Peres de Kuelýar ýurduň premýer-ministri we daşary işler ministri wezipelerinde hem işledi.

Related posts

Arkadag şäheri Fillipinler Respublikasynda tanyşdyryldy

Türkmenistanyň daşary işler ministri ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili bilen duşuşdy

Ýewropa Komissiýasynyň wekiliýetiniň Aşgabada sapary